Ï «Türkmenhimiýa» döwlet konserni 2022-2025-nji ýyllar aralygynda 512 müň tonna fosforit ununy we himiýa önümlerini satyn alar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni 2022-2025-nji ýyllar aralygynda 512 müň tonna fosforit ununy we himiýa önümlerini satyn alar

view-icon 5544

2022 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzyň oba hojalygyny mineral dökünler hem-de himiýa pudagynyň önümçilik kärhanalaryny zerur bolan himiýa önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine 2022 — 2025-nji ýyllar aralygynda:

512 000 tonna fosforit ununy satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Navoiy Milling” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga;

Himiýa önümlerini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.