Ï Döwlet Baştytanymyzyň gol çeken resminamalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştytanymyzyň gol çeken resminamalary

view-icon 2476

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işinde görkezijileriň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Purçekow Çarymyrat Hywaliýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmedowa Mährijemal Mekandurdyýewna berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Aşyrow Arslan Gurbanmämmedowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň häkimi Gurbanow Ýazmuhammede berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.