Ï «Kökçi» şu ýyl 36,5 müňe golaý akkumulýator batareýalaryny öndürdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kökçi» şu ýyl 36,5 müňe golaý akkumulýator batareýalaryny öndürdi

view-icon 6109

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalary özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda aýratyn orna eýe bolýan telekeçilik ulgamynyň Berkarar Diýarymyzda öňden hereket edip gelýän iri kärhanalar bilen ysnyşykly işlemekligi bolsa halk hojalygy üçin zerur bolan ýokary hilli önümleri öndürmäge aýratyn ýardam edýär.

Ýurdumyzyň Gündogar sebitiniň merkezi – Türkmenabat şäherindäki S. A. Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy bilen ysnyşykly işläp, özüniň ýokary hilli önümleri bilen adygan kärhanalaryň biri hem awtoulaglar üçin akkumulýator batareýalaryny öndürýän “Kökçi” hojalyk jemgyýetidir.

Özünde işçi-hünärmenleriň 110-syny jemleýän bu hojalyk jemgyýetinde ulag serişdeleri üçin zerur bolan akkumulýator batareýalarynyň 7 görnüşi, ýagny, 60, 65, 75, 90, 100, 190 hem-de 200 ýaly görnüşleri öndürilip, ýurdumyzyň ähli künjeginde alyjylara hödürlenýär, şeýle hem goňşy Owganystan döwletine eksport edilýär.

Hojalyk jemgyýeti boýunça geçen 2020-nji ýylyň 9 aýynda 21 müň 946 sany dürli belgili akkumulýator batareýalary öndürilen bolsa, 2021-nji ýylyň 9 aýynda bu görkeziji 36 müň 430-a deň boldy. Munuň özi hojalyk jemgyýetiniň öndürijilik kuwwatynyň barha ýokarlanýandygynyň, işleriň guramaçylykly ýola goýlandygynyň aýdyň subutnamalarydyr.

Agamyrat Soltanow