Ï Eziz Diýarymyzda dolandyryşy we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça okuw geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eziz Diýarymyzda dolandyryşy we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça okuw geçirildi

view-icon 4504
Eziz Diýarymyzda dolandyryşy we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça okuw geçirildi

ÝHHG-niň parahorlugyň öňüni almak we oňa garşy göreşde netijeli dolandyryş boýunça iki günlük onlaýn okuwy tamamlandy.

Amatly maýa goýum şertlerini döretmäge we ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi ösdürmäge gönükdirilen bu okuwa Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, we beýleki degişli müdirlikleriň wekilleri gatnaşdylar.

Latwiýadan we Ukrainadan gelen halkara bilermenler okuwa gatnaşýanlary ÝHHG-ne agza döwletleriň talabalaýyk dolandyryş ýörelgeleri bilen tanyşdyrdylar.

Okuwa gatnaşýanlar Bütindünýä bankynyň derňewleri esasynda parahorlugyň asyl sebäbini öwrenip, onuň öňüni almagyň täsirli mehanizmlerini, ykdysady ösüşe we telekeçilige ýetýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Okuwyň dowamynda elektron parahorlugyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns çekildi.

«Parahorluk talabalaýyk dolandyryş, demokratik ösüş, ykdysady durnuklylyk we adalatly iş tejribesi üçin esasy howpdyr» diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Jon MakGregor açylyşda eden çykyşynda belledi.