Ï Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany

view-icon 18528
Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany
Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany
Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany
Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany» ady bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň ХIII jilti bilen tanyşdyryş dabarasy boldy.

Çärä ýurduň esasy biologlary, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we paýtagtymyzdaky ýerleşýän muzeýleriň işgärleri gatnaşdylar. Çykyş edenler ylmy işiň täze kitabynyň aýratyn ähmiýetini bellediler. Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda belli bir ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň öwrenilmegine durmuşynyň köp ýylyny bagyşlady. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» köp jiltli kitabyna 2009-njy ýylda başlady.

Müzeýde guralan sergi Türkmenistanyň baý tebigy serişdelerini görkezýär, onda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabyna hormatly orun berlipdir.

Bu ýerde Watanymyzyň manzarlarynyň gözelligini takyk şekillendirýän haly önümleri hem goýuldy. Zergärleriň zehininden dörän nepis şaý-sepleriň ençeme görnüşi bar. Eskponatlaryň arasynda keýigokara aýratyn tapawutlanýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň nyşany bolan bu ösümlik gadym döwürden bäri halk lukmançylygynda ulanylýar.

Şeýle hem bu ýerde dermanlyk ösümlikleriň fotosuratlary we gerbarileri goýlupdyr, olaryň arasynda ýüzärlik, buýan köki, boýbodran we başga-da ençeme ösümlik bar. Çärä gatnaşanlar köp dürli dermanlyk ösümlikler we olardan taýýarlanan melhem çaýlar bilen tanyşdylar.

Larisa Fomina

Suratçy: Alekseý Gimalitdinow