Ï Iým taýýarlamak işi üstünlikli dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iým taýýarlamak işi üstünlikli dowam edýär

view-icon 7767

Daşoguz welaýatynda mallaryň ýitgisiz gyşlamagy üçin, iým taýýarlamak işi üstünlikli dowam edýär. Mallaryň gyşda dok bolmagyna diňe olaryň gyşdan ýitgisiz çykmagy däl, eýsem soňundan köpelmegi hem baglydyr. Şonuň üçin bu sebitde iým tetärigini görmegiň guramaçylykly amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Munuň üçin bu ýerde wagtlaýyn iş toparlary döredilipdir, olar ot ormak, ýygnamak we daşamak üçin zerur bolan ýöriteleşdirilen enjamlary netijeli ulanýarlar. Daýhan birleşiklerinde we gara mal ösdürip ýetişdirmekde ýörteleşen döwlet maldarçylyk toplumlarynda eýýäm ýazlyk ýorunja oragy tamamlanyp, iri baldakly otlaryň we mekgejöweniň ýygymy dowam edýär, saman basylýar we konsentrirlenen iýmit gorlary döredilýär.

Netijede, oktýabr aýynyň başyna çenli 37 müň tonnadan gowrak iým taýýarlandy, bu bolsa umumy göz öňünde tutulan mukdaryň 80 göteriminden ýokarydyr. Akdepe, Boldumsaz we Gubadag etraplarynyň ençeme hojalyklarynyň maldarlary öňde goýlan wezipäni eýýäm ýerine ýetirdiler, Görogly etrabynyň «Garagum» ýöriteleşdirilen maldarçylyk hojalygynyň hünärmenleri-de şuňa ýakyn. Taýýarlanan iým gysga wagtyň içinde mallaryň gyşlajak ýerine eltildi. Öride bakylýan dowardarlykda we düýe ösdürip ýetişdirmekde ýöriteleşen hojalyklaryň mallary üçin tebigy otlar we ýandak ýerinde küdelenip, zerurlyga görä daşalýar. Iým gorunyň üsti aýazly howa düşýänçä ýetirilip durlar.

Ot-iým taýýarlamak işleri kaşardyr-agyllaryň gyşa taýýarlanylmagy, mallary suwa ýakmak üçin niýetlenen guýularyň arassalanmagy we dikeldilmegi, şeýle hem beýleki işler bilen birlikde dowam edýär.

Batyr Öräýew