Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe obasynda ýaşaýan Mäterowlaryň maşgalasynyň mugallym agzalarynyň umumy ýyl hyzmatlary 350 ýyldan geçdi. Öý bilen mekdep arasyndaky abraý we rysgal tapan sogaply ýollaryndan häzir olaryň 20-si gatnaýar. Obadaky 15-nji orta mekdepde bu maşgalanyň 3 nesli egin-egne berip zähmet çekýär.
Maşgala kerweniniň öňbaşçysy Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, şahyr Öwezgeldi Mäterowyň peýdaly söhbetlerini, joşgunly çykyşlaryny diňlemäge häli-şindi ýygnanýan bilim işgärleri ýakynda gurnalan dabaraly duşuşyga ony täze alan derejesi boýunça – «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy» hökmünde çagyrdylar. Minnetdar şägirtler we kärdeşler halypany gutlap, onuň zähmet ýoly, bitiýän işleri dogrusynda gürrüň etdiler.
Sylag-serpaý mynasyp adama berlende şol sylagyň gadyr-gymmaty artýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bosagasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy» ady berlenleriň sanawynda Öwezgeldi Mäterowyň hem adynyň bolmagy onuň okuwçylaryny, ony tanaýan kärdeşlerini, şägirtlerini we okyjylar köpçüligini diýseň begendirdi. 53 ýyl bäri mugallymçylyk kärinde zähmet çekýän Öwezgeldi mugallym müňlerçe okuwçynyň kalbyny päkläp, mähir we yhlasa suwaryp, düşbi gursaklarda «akyl-paýhasyň, ýagşylygyň we bakylygyň» tohumyny şineledip ýör.
Türkmenistanyň halk mugallymy Begençmyrat ( Ümür) Esenowyň yhlasly şägirdi we egindeşi bolan Ö. Mäterowyň özi hem halypalyga ir ýetişdi. Onuň döşüni «Tüzrkmenistanyň halk magaryfynyň otliçnigi», «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri» nyşanlary bezeýär. Köp ýyllardan bäri Murgap etrabynda mugallymçylyk kärine başlaýan ýaş hünärmenlere ak pata berýän halypalaryň arasynda hormatly orny bar.
Diňe öz etrabynda däl, eýsem, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde Öwezgeldi Mäterowy halypa tutunan mugallymlar kän. Çünki onlarça ýyl bäri ol usulçy, täzelikçi, halypa hökmünde ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallaryň ählisinde diýen ýaly yzygiderli çykyş edip gelýär. Onuň döredijiligi köptaraply we kämil.
Halypa mugallymyň zähmet çekýän mekdebinde hereket edýän diwar gazetlerinde çap edilýän okuwçy habarlarydyr- makalalarynyň aglabasy Öwezgeldi mugallymyň döreden we gözegçilik edýän «Ylham horjunyndan» geçýär. Ýaşuly mugallym ol hatlary ünsli okamaga-da, taraşlamaga-da, olaryň awtorlary bilen duşuşyp maslahatlaşmaga-da wagt tapýar.
Şu günler halypa mugallymy Mary welaýatynyň mekdepleridir dürli edara-kärhanalarynyň işgärleri bilen duşuşyga çagyrýarlar. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Öwezgeldi Mäterow bolsa hemişeki kesbi-kärine eýerip, adamlara Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň gadyr-gymmatyny duýmaga, ony halal we yhlasly zähmet bilen gülletmäge, Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan il –ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli syýasatyny goldamaga gyzgyn çagyryş bilen ýüzlenýär.
Muhammetberdi Annageldiýew