Ï Mizan terne
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mizan terne

view-icon 5565
Mizan terne

Derwezämiziň gabadynda saklanan ulagyň «sandygy» heniz doly saralyp hem ýetişmedik, kiçeňräk tokly ýaly garrygyz gawunlardan doly. Özem şeýle bir elin, şikes ýetmez ýaly teýine-de, aralygyna-da ýumşak ot düşelip ýüklenipdir. Bahasy biçeme däl. «Alnan zat ulanjaga arzan, alyp satjaga gymmat» diýlenine uýup, tä indiki ýaza çenli şeksiz saklanjak gawunlaryň on sanysyny aldym. Satyjy ulagynyň “sandygynyň” burçunda dikeldilip goýlan haltadan iki sany tüýlüje terne çykaryp, ýanymdaky agtygyma berdi-de:

– Muny satamok, her ýyl diňe paýlaýaryn. Ekinimiz oba ýakyn bolanda, arkaýyn eňňerä galdyraýmaly welin, derman zat zaýa bolmasyn diýip ýygnadaýýan. Aslynda ýola-da şu terneleri ile ýetirmek üçin çykypdym, garrygyzlaram ýöne ýükläýdim. Ýogsam, bulaň idegi ýetik-le. Terneleri kesmäň, daşyny bir-iki gezek ýuwup beriň, şol durşuna iýsinler, dermandyr bi- diýdi.

Bu täsin adamyň adynam soramandyryn. Ol bu işi bilinmek, magtanmak üçin edýän bolsa, soramanyňda-da aýdardy. Biziň ähli ajaýyp adamkärçilik sypatlarymyzyň, aňymyza-ganymyza mäkäm ornan däp-dessurlarymyzyň gönezligi bolan türkmençiligiň ýüze çykmasy bolan bu hereket agzalmaga-da, alkyşlanmaga-da mynasyp.

Satygçy ýaşulynyň oba-oba aýlanyp mugt paýlap ýöreni ýöne gawun düwünçegi däl. Ol Mizan terne. Näme üçin oňa şeýle diýilýär? Mizan ̶ 23-nji sentýabrdan 22-nji oktýabr aralygyndaky döwür. Şol döwür tebigat babatda-da, ekerançylyk babatda-da aýratyn alamatly döwür.

Güýzde ýerasty yzgaryň ýokary galmagy bilen ekinler, esasan hem bakja ekinleri täzeden janlanýar, täze öser, ýaprak çykarýar, ýagny çeträp başlaýar. Güýzän ekin edil ömrüniň paýawlap barýanyny duýýan ýaly, güýjünde baryny edip düwüp başlaýar. Özem indi öňki ýaly salym ýok, miwesini ýetişdirmek üçin ekin bar galan güýjüni tijeýär. Mizan sowulýança ol düwünçekleriň aglabasy boýuny almasa-da, torlamaga, süýjemäge ýetişýär. Olara daýhanlar läşeki diýýärler. Mizan sowlup, akraba barlansoň bakja ekinleri saklanyp oturylmaýar. Bakjaçylar garantgalaryny ýygnap, ekin üstünden gaýdýarlar. Bakjany durşuna boşadyp gaýtmak türkmençilikde halanmaýar. Paçagam, çigidem gatap ýetişmedik has giçki düwünçekler, tüýlüje terneligine eňňerede galýarlar. Muňa daýhan nebsini agyrtmaýar, gaýtam eňňerä galan mizan ternelere guwanýar. Kän derdiň, esasanam süýji, aşgazan keselleriniň dermany hasaplanýan, çagalaryň ösüp, boý almagyna oňaýly täsir edýär. Mizan terneleri hem özleriniň terneligine iýilmegini islärmiş. Yrym edilip aýdylyşyna görä, olar daýhançylygyň sadakasy saýylarmyş, däp boýunça bakja ýerinde mal-garanyňam, olary bakýan oglan-uşaklaryňam hem paýlary hökman goýulýar.

Bu ýaşuly bolsa, öz aýdyşy ýaly, ekini obadan daşlykda bolansoň, eňňere ýerde yrýa bolup galjak mizan terneleri ýygnap, ile-güne ýetirmegi özi üçin parz amal saýýar. Niýetlenen alkyş-dileg azaşmazmyş, meniň ýaly onlarça adamlar bu sahawatly kişiniň sadakasynyň kabul bolmagyny, indiki hasyllarynyň has-da bereketli bolmagyny dileýändirler.

Muhammetberdi Annageldiýew