Bereketli türkmen topragyndan önýän gök, bakja we miwe önümleri özüniň tagamlylygy, ýokumlylygy, şonuň bilen birlikde hem bejerijilik häsiýetleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Hut şonuň üçin hem ýylyň islendik paslynda bu önümleriň bolçulygyny döretmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Etraplardaky daýhan birleşikleriň, hususy ulgama degişli daýhan hojalyklarynyň ýetişdirýän gök, bakja we miwe önümlerini ýylyň gyş paslynda hem terligine saklamak, önümleri täzeden işläp, ýörite gaplara gaplamak boýunça alnyp barylýan işler özüniň aýdyň netijelerini berýär. Bu ugurda döwlet tarapyndan döredilen şertlerden ýerlikli peýdalanyp, işlerini guramaçylykly ýola goýan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge mynasyp ýardam edýän hususy kärhanalaryň sanynyň barha artmagy bolsa aýratyn bellärliklidir. Lebap welaýatynyň Saýat etyrabynda ýerleşýän «Aýna gap» hususy kärhanasy hem önümleri ýurdumyzyň ähli künjeginde alyjylar tarapyndan barha uly islege eýe bolýan kärhanalaryň biridir.
Häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen, tejribeli hünärmenleriň we ýaşlaryň zähmet çekýän «Aýna gap» hususy kärhanasy daýhan birleşiklerinde we hojalyklarynda ýetişdirilýän alma, pomidor we beýleki önümleri täzeden işläp, aýna gaplara gaplamak we ýurdumyzyň ähli künjeginde alyjylara hödürlemek bilen meşgullanýar. Hususy kärhanada şu möwsümde oktýabr aýynyň başyna çenli alma şiresiniň 40 müň, alma mürepbesiniň 20 müň, şeýle hem pomidor goýaltmasynyň 15 müň bankasynyň gaplanmagy hem-de söwda nokatlaryna ugradylmagy bu ýerde işleriň sazlaşykly alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Öndürilýän harytlaryň hil derejesine, tagamyna, göze gelüwliligine aýratyn üns berilmegi «Aýna gap» hususy kärhanasynyň önümleriniň ýylyň islendik döwründe hem ildeşlerimiziň desterhanlarynyň bezegi boljakdygyna güwä geçýär.
Agamyrat Soltanow