Ï Türkmen telekeçileri IT-tehnologiýalary telekeçilige ornaşdyrmak boýunça okuw geçýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen telekeçileri IT-tehnologiýalary telekeçilige ornaşdyrmak boýunça okuw geçýärler

view-icon 2657
Türkmen telekeçileri IT-tehnologiýalary telekeçilige ornaşdyrmak boýunça okuw geçýärler

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanyň kiçi we orta kärhanalarynyň zenan ýolbaşçylarynyň telekeçilik başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça onlaýn-treningi başlandy.

«Zenanlar telekeçilikde» başlangyjynyň çäklerindäki «IT-çözgütler – tehnologiýalar siziň biznesiňizi nähili ilerledip biler» okuwyny Ýewropa Bileleşigi maliýeleşdirýär.

Okuwyň barşynda Ermenistandan kärine ussat tälimçiler Lilit Garaýan we Naira Markarýan kiçi hem-de orta telekeçiligi ýöretmek üçin IT-gurallar, ony awtomatlaşdyrmak işi, şeýle hem IT-gurallary ornaşdyrmak boýunça taslamalary dolandyrmagyň usullary bilen tanyşdyrarlar. Okuwda telekeçiligi awtomatizasiýalaşdyrmagyň we IT-potratçylar bilen bir dilde gürlemegiň meýilnamasy düzüler.

Çärä 30-dan gowrak telekeçi zenan gatnaşdy.

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini ilerledýän güýç bolan kiçi hem-de orta telekeçiligiň ösüşiniň netijeliligi häzirki şertlerde onuň işini guramaklyga täze çemeleşmeleri talap edýär, işleri awtomatizasiýlaşdyrmak hem şolaryň biridir.

Kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek üçin häzirki IT-çözgütleriň artykmaçlyklary kändir. Meselem, ol aýanlygy artdyrýar. Islendik hususyýetçiniň kompaniýasynyň serişdeleriniň nämä harçlanýandygyny, maliýe ýagdaýyny anyk bilesi gelýär. It-ulgamda bolsa zerur maglumat islendik pursat elýeterlidir. Toplumlaýyn IT-çözgütleriň ornaşdyrylmagy edil şol wagtyň özünde kompaniýanyň bölümleriniň ählisindäki ýagdaýy görmäge mümkinçilik berýär.

IT-ulgamlar dünýäniň islendik künjeginden biznesiňi dolandyrmaga, bar zady gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär.

Treningiň birinji bölümi 28-nji oktýabra çenli dowam eder, ikinji bölümi 1-4-nji noýabr aralygyna göz öňünde tutulýar.

Tälimçiler şeýle hem autsorsing – kompaniýanyň önümçilik ýa-da beýleki biznes prosesini şol ugruda bilermen başga kompaniýa bermek işi barada gürrüň bererler.

Autsorsing şol ugurlary kärine ussatlara bermäge, bar güýji esasy strategik we önümçilik wezipelerini çözmäge jemlemäge, serişdeleri esasy önümçilige jemlemäge mümkinçilik berýär.

Ykdysady nukdaý-nazardan autsorseri çekmek firma çykdajylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Çünki kompaniýa goşmaça düzüm saklamaly bolmaýar.

Aýjahan Ataballyýewa