Ï «Akrap» türkmeniň milli senenamasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Akrap» türkmeniň milli senenamasynda

view-icon 18897
«Akrap» türkmeniň milli senenamasynda

Ata-babalarymyzyň ulanan we häzir hem ulanylýan milli senenamamyz boýunça akrap döwri 23-nji oktýabrdan başlanyp, 22-nji noýabra çenli dowam edýär.

Mizan döwrüniň ugradylyp, akrabyň garşy alynýan döwründe howada birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär. Guşlar topbak-topbak bolup, demirgazykdan gündogara tarap uçup başlaýarlar. Ine, şeýdip hem olar adamlara sowuk günleriň ýetip gelýändigini ilkinji bolup duýdurýarlar.

«Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýen aýtgy hem şonuň üçin dörän bolsa gerek. Hakykatdan-da, akrap gelen gününden başlap, howanyň ýagdaýy üýtgeýär. Howa gijelerine biçak sowap, käte oba hojalyk ekinlerini sowuk urýan wagtlary-da bolýar.

Şonuň üçinem, «Mizanyň agzy ýazly, akrabyň agzy aýazly» diýipdirler. «Akrap» arapça «Içýan» diýen manyny aňladýar. Mizan gelenden soňra öwsen ýeli diňe agaçlaryň sary ýapraklaryny şahasyndan düşürýän bolsa, akrap gelenden soň, gijelerine suwuň doňmagy bilen, köp ösümlikleri sowuk urýar. Kemine şahyryň: «Akrap ýeli geçer bu ýektaý dondan» diýşi ýaly, iniňi tikenekledýän sowuk şemal eýýäm gyşyň ýetip gelýändigini ýatladýar. Käbir ýyllarda daýhanlar giçki hasylyny ýygnap hem ýetişmeýärler.

Ýöne bu ýagdaý seýrek bolýar. Kä ýyllar tä 23-nji noýabrda garagyş başlanýança, ekinleri sowuk urmaýar. «Akrapda urmasa, ahyrýetde-de urmaz» diýen aýtgy hem bardyr. Bary-ýogy bir aý dowam edýän akrap döwri daýhanlara-da, maldarlara-da gyşyň ýetip gelýändigini ýatladýar. Sebäbi gowy taýýarlyk görülmese, adyndan belli bolşy ýaly, 23-nji noýabrda başlanýan garagyş olaryň azabyny reýgan edip bilýär. Ak­rap döwrüniň gelendiginiň buşlukçylarynyň biri hem göçýän guşlardyr. «Durna geçdi, duluňy ýap, gaz geçdi – gapyňy» diýilmegi, sowuk howanyň golaýlaşýandygyndan habar berýär.

Azady Myradow