Ï «Russiýa-Merkezi Aziýa sebiti» forumy türkmenistanlylara garaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Russiýa-Merkezi Aziýa sebiti» forumy türkmenistanlylara garaşýar

view-icon 6812
«Russiýa-Merkezi Aziýa sebiti» forumy türkmenistanlylara garaşýar

Russiýanyň we Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlarynyň hyzmatdaşlygynyň çägi giňeýär.

Omsk (RF) şäheri Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan «Russiýa-Merkezi Aziýa sebiti» forumyna gatnaşjak döredijilik kärleriniň wekilleriniň we kreatiw oýlanýan telekeçileriň gelmegine garaşýar.

Ýaş liderleriň forumy oňa göni gatnaşylmagynda 16-19-njy noýabr aralygynda geçirielr.

Çärä gatnaşmak üçin «Молодежь России»   saýtynda  5-nji noýabra çenli hasaba durup bolar.

Oňa Russiýanyň hem-de onuň MA bilen serhetleşýän  sebitleriniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşy 18-den 35-e çenli raýatlary gatnaşyp bilerler.

Çärä 200-e golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumda  Russiýanyň we MA sebitiniň döwletleriniň ýaşlarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň we berkitmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem MA sebiti  ýurtlarynda we Russiýada täze koronawirus ýokanjyna garşy göreşde iň gowy meýletinler işlerine garalar.

Çäräni «Молодежь России»   guramasy hem-de Omsk oblastynyň ýaşlar, bedenterbiýe we sport işleri ministrligi guraýar.

Ol  sebitimizde 2020-nji ýylyň güýzünde işe girizilen «Russiýa-Merkezi Aziýa sebiti» ugry boýunça halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy taslama edarasynyň işiniň çäklerinde geçiriler. Şeýle edaralar Russiýada  Omsk oblastyndan başga diňe  Ýamal-Nenes awtonom okrugynda, Ulýanowsk oblastynda we Tatarystan Respublikasynda bar.

Edara Russiýa Federasiýasynyň ýaşlar guramalarynyň Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklaryna maglumat goldawyny berýär, ýaş liderleriň saparlarynyň gün tertibini düzýär.

Koronawirus pandemiýasy zerarly oňa gatnaşýanlar çäre başlamazdan 72 sagat öň COVID-19 ýokanjyna barlagynda kesel ýoklugynyň netijesini görkezmelidirler.

Taýýarlan: Janmämmet Gulamow