Ï COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady netijeleri boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady netijeleri boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi

view-icon 2526
COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady netijeleri boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi

BMG-nyň we Türkmenistanyň COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady netijeleri boýunça Bilelikdäki iş toparynyň altynjy mejlisi geçirildi.

Duşuşygň maksady – 9 aýda ýiti ýokanç kesellerine taýýarlygyň we ondan goranmagyň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünligi ara alyp maslahatlaşmak, 2021-nji ýylyň galan böleginde işiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmak, şeýle hem indiki ýyla hyzmatdaşlygyň ugrularyny bellemek boldy.

Ýiti ýokanç kesellerine taýýarlygyň we ondan goranmagyň Milli meýilnamasy BMG-nyň Baş sekretarynyň koronawirus ýokanjyna ýurt hem-de ählumumy derejede garşy durmak boýunça hereketleri utgaşdyrmaga çagyryşyna jogap hökmüde taýýarlandy we 2020-nji ýylyň 22-nji iýunynda tassyklanyldy. Ol lukmanlaryň başarnygyny pugtalandyrmak, netijeli öňüni alyş çärelerini görmek, COVID-19-a garşy sanjym geçirmek, bejeriş işlerini halkara ölçeglerine laýyk geçirmek ýaly ugurlary öz içine alýar.

Şu ýylyň maý aýynda BSG COVID-19-a jogap çäreleri boýunça BSG-nyň we ÝB-niň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ýiti ýokanç kesellerine taýýarlygyň we ondan goranmagyň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň ýol kartasyny berdi.

Ýiti ýokanç kesellerine taýýarlygyň we ondan goranmagyň Milli meýilnamasyny hem-de dessin durmuş-ykdysady goranmagyň Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine elleri zyýansyzlandyrmak üçin dispenserleriň 3400-sini we Bilim ministrligine galtaşyklsyz dispenserleriň 2000-sini berdi.

Dispenserler Türkmenistanyň lukmançylyk edaralaryna we orta mekdeplerine paýlanar.

Aýjahan Ataballyýewa