Ï Baky gymmatlyklar hakynda kinofilm
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baky gymmatlyklar hakynda kinofilm

view-icon 8285
Baky gymmatlyklar hakynda kinofilm

Laýyk ýarym asyr mundan ozal, 1971-nji ýylda türkmen teatrynyň we kinematografynyň halypasy Alty Garlyýewiň «Türkmenfilm» kinostudiýasynda surata düşüren «Derýanyň aňyrsy – serhet» kinofilmi tomaşyçylara hödürlendi. Alty Garlyýew kinofilmleriniň edebi esasy üçin köplenç türkmen we rus ýazyjylarynyň eserlerinden peýdalanýardy. «Derýanyň aňyrsy – serhet» kinofilminiň edebi esasy hökmünde, ol Dawid Markiş bilen bilelikde filmiň bir edebi esasy ýazyjy hökmünde çykyş eden Oleg Smirnowyň «Alaňlar» hekaýasyny alypdy.

«Derýanyň aňyrsy – serhet» filmiň esasy ruhy hem ahlak gymmatlyklary — watançylyk, söýgi, wepalylyk hakda jemlenendir. Bu gymmatlyklar söýgüliler Ata we Leýliniň hekaýaty arkaly ýüze çykarylýar. Ýigit Watanyň mukaddes serhetlerini goramak üçin harby gulluga gideninde, durmuş olaryň söýgüsini agyr synaga sezewar edýär. Onuň söýen ýarynyň göwnüni tapjak bolup dalaş edýän ýaş aspirantyň söz aýtmagyna garamazdan, garaşýan esgerine wepaly bolup galýar. Filmiň ahyrynda Ata bilen Leýli öň gezelenç köçelerinden ýene-de ýöräp barýarlar.

Filmdäki baş rollary Ata Alowow we Leýla Abukowa ýerine ýetiripdir. Filme Lýudmila Hitýaýewa we Zoýa Fýodorowa ýaly meşhur Sowet aktrisalarynyň gatnaşandygy-da bellärliklidir.

Ogulgözel Rejebowa