Ï Pudagy döwrebaplaşdyrmaga gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pudagy döwrebaplaşdyrmaga gatnaşýarlar

view-icon 5283
Pudagy döwrebaplaşdyrmaga gatnaşýarlar

Ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen energiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegine hususy düzümler möhüm goşant goşýarlar. Şolaryň biri hem Daşoguz welaýatynda dürli inženerçilik we tehniki desgalary, şol sanda energiýa pudagyna degişli desgalary gurmakda ýöriteleşdirilen «Ýupek ýoly gurluşyk» hojalyk jemgyýetidir.

Onuň bölümleriniň tagallasy bilen sebitde her ýyl onlarça kilometr elektrik geçirijileri çekilýär ýa-da täzelenýär. Mysal üçin, şu ýyl hojalyk jemgyýetiiniň hünärmenleri Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» geňeşliginiň Boýunbaş obasynda bar bolan elektrik geçirijiniň durkuny täzelemek işini tamamlady, onuň barşynda bir kilometre golaý elektrik geçiriji täzelendi. Ruhubelent etrabynyň dolandyryş merkezinde “Aşyk Aýdyň” köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlaryna täze elektrik geçirijileri çekildi. Umuman alanyňda, 10 kilowolt kuwwatly takmynan üç ýüz metr we 0,4 kilowolt kuwwaty bolan bir kilometre golaý sim çekildi. Şu ýerde-de 250 kilowolt-amper kuwwatly täze transformator astbekedi toplumy hem guruldy.

Ýaşaýyş jaýlaryny elektrik bilen üpjün etmek boýunça şuňa meňzeş işler Köneürgenç şäheriniň «Jelaýer» mähellesinde-de geçirildi. Ol ýerde 10 we 0,4 kilowolt kuwwatly täze elektrik simleri çekildi we täze transformator astbekedi oturdyldy. Mundan başga-da, hojalyk jemgyýetiniň işgärleri Boldumsaz etrabyndaky «Kerwen» astbekedinden gaýdýan elektrik simleriniň takmynan bir ýarym kilometrini täzeden çekdi.

Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäginde, şol sanda ýöriteleşen hususy kärhanalaryň gatnaşmagynda, içerki sarp edijilere energiýa üpjünçiliginiň hilini ep-esli ýokarlandyran uly işler edildi. Bar bolan energiýa desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we täze desgalaryň gurulmagy diňe bir bökdençsiz we ygtybarly elektrik üpjünçiligini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem etrabyň tutuş energiýa ulgamynyň kuwwatynyň we netijeliliginiň ep-esli ýokarlanmagyna goşant goşdy. Indi ol ýerde tebigy gaz bilen işleýän täze nesle degişli elektrik bekedi üstünlikli hereket edýär.

Batyr Öräýew