Ï Türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegine 28 ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegine 28 ýyl

view-icon 17563
Türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegine 28 ýyl

28 ýyl mundan ozal, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanda milli pul birligi bolan manat dolanyşyga girizildi. Döwletimiziň taryhyndaky bu möhüm sene bilen bank ulgamynyň işgärlerini we ýurduň ilatyny Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlady.

Ýakynda milli puluň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň,        Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegi ýurduň ykdysady ösüşini üpjün etmekde möhüm ädim boldy. Milli puluň 1993 – 1995-nji ýyllardaky ilkinji nusgalaryny taryhy we medeni ýadygärlikler bezäpdi. Mysal üçin, 1 manatlyk puluň öň tarapynda, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň ýerliginde gadymy milli bezeg bolan “tumar”, puluň arka tarapynda – iň gadymy Horezmşalaryň biri bolan Il-Arslanyň aramgähi bardy.

Taryhynyň dowamynda türkmen manadynyň daşky görnüşi, biçüwi we reňki birnäçe gezek üýtgedildi. Pullaryň ýüzünde suw bellikleri peýda bolup, olaryň birinde ahalteke aty şekillendirilipdi.

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan gymmaty üýtgedilen manadyň metal we kagyz görnüşi dolanyşyga girdi.

Täze kagyz pullarda türkmen halkyny şöhratlandyran beýik taryhy şahsyýetler we ýurduň binagärlik ýadygärlikleri şekillendirilýär. Mundan başga-da, dolanyşyga 1, 2, 5, 10, 20 we 50 teňňe (2009), 1 we 2 manat (2010) metal pullar hem girizildi.

2012-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Banky 1, 5, 10 we 20 manatlyk täzelenen pullary girizdi, 2014-nji ýylda bolsa 1, 50 we 100 manat görnüşinde üýtgedilen kagyz pullary çykardy.

Şeýle hem 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Aşgabat olimpiýa şäherçesiniň desgalaryna bagyşlanan kagyz pullar toplumy çap edildi.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzda 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manat gymmatynda täze kagyz pullar dolanyşyga girizildi. Olaryň öň tarapynyň reňki we biçüwi, umuman, saklanyp galdy, emma ýokarda agzalan pullaryň hemmesinde şol ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýen şygary bolan nyşanlar bardy.

Berkarar bolan däbe görä, Türkmenistanda möhüm senelere degişli ýadygärlik we baýramçlyk metal pullar çykarylýar. Ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýyl Türkmenistanyň Merkezi Banky köp sanly numizmatik täzelikler toplumyny, şol sanda, 100 manat gymmaty bolan altyn we kümüş pullary-da çykardy.

 Taýýarlan Swetlana Çirsowa