5-nji noýabrda Bişkekde ÝB — Merkezi Aziýa ykdysady forumy geçiriler.
Bu Ýewropa Bileleşiginiň we foruma gatnaşjak Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady bähbitlerini görkezýän hem birleşdirýän ilkinji ädimdir.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň premýer-ministrleri derejesinde geçiriljek Forumyň gün tertibi ykdysadyýetiň «ýaşyl dikeldilişi», iş gurşawyny kämilleşdirmek we sanlaşdyrma ýaly möhüm meseleleri öz içine alýar. Energetika, maliýe, syýahatçylyk we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga aýry-aýry mejlisler gurnalar.
Foruma diňe Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň wekilleriniň däl, eýsem beýleki ýurtlaryň köpsanly wekiller toparynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Geljekde forum Merkezi Aziýanyň dürli ýurtlarynda nobatma-nobat geçiriler.
Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa respublikalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklap, 1991-nji ýyldan bäri olara goldaw berýär. 2007-nji ýylda Brýussel Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa respublikalary babatyndaky ilkinji strategiýasyny — 2019-njy ýylda kabul eden strategiýasyndan öňki strategiýany kabul edipdi. Birinji resminama sebit, daşky gurşaw we energetika hyzmatdaşlygyndan başlap, howpsuzlyk, raýat hukuklary we kanunyň hemme zatdan ýokarydygy babatynda dürli ölçeglerdäki hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýardy.
ÝB-niň täze strategiýasynda hyzmatdaşlyga has giňişleýin çemeleşmä aýratyn üns berilýär. Giňişleýin çemeleşme hyzmatdaşlygyň sebitdäki ähli ýurtlar, şeýle hem hyzmatdaşlyk wajyp bolan sebite degişli däl ýurtlar üçin-de açykdygyny aňladýar. Täzeden ýene bir öňe sürülýän mesele — ÝB-niň täze strategik resminamalarynda nygtalýan durnuklylykdyr. Bu, tutuş dünýäniň we Merkezi Aziýanyň ýüzbe-ýüz mejbur bolýan öňki we täze ýüze çykýan töwekgelçiliklere durnuklylygyny aňladýar.
2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda ÝB — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň çäginde Germaniýa tarapyndan «Ýaşyl Merkezi Aziýa» başlangyjynyň işe girizilmegi ÝB-niň täze strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde ilkinji möhüm wakadyr.
Aýjahan Ataballyýewa