Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, zehinli kompozitor, halypa mugallym Orazmuhammet Gurbannyýazowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Dabaranyň başynda konserwatoriýanyň 5-nji ýyl talyby Gülzada Guldurdyýewa kompozitoryň ömri we döredijilik ýoly dogrusynda tanyşdyrma bilen çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowa Orazmuhammet Gurbannyýazow bilen bile işlän pursatlary dogrusynda özünde galan gyzgyn ýatlamalary we onuň türkmen saz sungatyna goşandy barada gürrüň berdi. Şeýle-de, kompozitoryň fortepiano üçin «Kukuşka» eserini ýerine ýetirdi. Bu eseriň skripka we fortepiano üçin görnüşi Russiýanyň halk artisti, häzirki döwrüň tanymal skripkaçysy Leonora Dmiterkonyň ýerine ýetiren wideo-ýazgysy görkezildi hem-de ol tomaşaçylaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow fortepiano üçin pýesany, halkara we milli bäsleşikleriň laureaty Mähri Orazowa bolsa fortepiano üçin türkmen temalaryna alty sany pýesany ýerine ýetirdi. Soňra diňleýjiler Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Bahram Dolyýewiň ýerine ýetirmeginde Wladimir Mkrtumowyň sazandarlyk etmeginde O.Gurbannyýazowyň skripka we fortepiano üçin «Türkmen heňi» eserini uly gyzyklanma bilen diňlediler.

Bu konsertde Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow ýubilýaryň durmuşyndan gyzykly gürrüňleri we onuň bilen duşuşyklarynda bolan wakalary aýdyp berdi. Mugallymyň Watanyndan uzakda bolsa-da, ömrüni mertlerçe ýaşap geçen türkmen ogly baradaky gürrüň beren gyzykly maglumatlary diňleýjileri haýrana goýdy. Soňra Gülzada Guldurdyýewa kompozitoryň «Tokkata» eserine bagyşlap Lýudmila Awdeýewanyň döreden «Dutara sena» atly goşgusyny labyzly okady. Fortepiano üçin tokkatany Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Aşyr Aşyrow ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýew Orazmuhammet Gurbannyýazow barada: «Ol P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasynda professorlar W.Ý.Şebalinden, W.G.Fereden ajaýyp saz bilimini alypdyr. Kompozitor 2008-nji ýylda aradan çyksa-da milli ruhdaky ajaýyp sazlary bize miras goýup gidipdir. Ol «Ikatýok», «Çopanyň tüýdügi» ýaly eserleriň, simfoniki orkestr üçin «Dramatiki poemanyň», dört bölümli simfoniýanyň awtorydyr. Şeýle-de kompozitor romansdyr aýdymlary, ençeme kamera-instrumental eserleri döredipdir» diýip belledi.
Konsertiň ahyrynda Türkmenistanyň halk artisti Gurban Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky konserwatoriýanyň kamera hory «Tüm gijeler» eserini ýerine ýetirdi.

Tamara Glazunowa
Suratçy: Alekseý Gimalitdinow