Aşgabatda COVID-19 pandemiýasy şertlerinde deňiz portlarynda dolandyryş usullaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara onlaýn kursy guraldy.
«AA»-nyň habarçysyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde aýdylyşy ýaly, onlaýn okuw 2021-nji ýylyň 1-6-njy noýabry aralygynda geçirildi. Onda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan bir hünärmen deňiz howpsuzlygy we Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda işleýän hukuk goraýjy edaralaryň, serhet gullugynyň, port işgärleriniň we karantin hyzmatynyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň häzirki zaman usullaryny hödürlemek boýunça tejribe alyşmaga bagyşlanan okuw kursyny geçirdi..
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan taýýarlanan okuw maksatnamasy deňiz howpsuzlygyny üpjün etmek düşünjesi we degişli borçlar, port howpsuzlygyna baha bermek we meýilleşdirmek, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we howpsuzlyk dolandyryşy, howpy ýüze çykarmak we oňa jogap çäresini görmek boýunça sapaklary öz içine alýar.
Tälimçi, şeýle hem, port we serhet howpsuzlygynda gender deňagramlylygy meselesini gozgady we pandemiýanyň döredip, häzirem dowam edýän krizisiň deňiz portlaryna we deňiz gözegçilik nokatlaryna edýän täsirine aýratyn üns berdi. Bu krizis goşmaça howpsuzlyk we gorag çäreleriniň girizilmegine, serhetden geçýän ýolagçylar üçin resminamalar işlemleriniň, ýük gatnawy üçin karantin çäreleriniň we goşmaça lukmançylyk barlaglaryň girizilmegine sebäp boldy.
«Global pandemiýa serhet goragyna we adamlaryň hem harytlaryň serhetlerden howpsuz geçişini dolandyrmak işine, deňiz portlarynyň logistikasyna we halkara ulag zynjyrlaryna üýtgeşmeler girizdi. COVID-19 krizisi şertlerinde işiň dowamlylygyny üpjün etmek meýilnamalary we adatdan daşary ýagdaý mehanizmleri öňkülerinden has ähmiýetli boldy» diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Wilýam Lif aýtdy. Ol deňiz portlarynyň üpjünçilik zynjyrynda möhüm ornunyň bardygyny we howpsuzlyk hyzmaty işgärleriniň howpsuzlygy dolandyrmagyň özlerine degişli bölegi we umymy port desgalarynyň goragy üçin jogap bermeginiň ähmiýetiniň örän uludygyny sözüniň üstüne goşdy.
Bu çärä Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet serhet, gümrük we migrasiýa gullugynyň, Baş prokuraturasynyň, şeýle hem «Turkmendeňizderyayollary» we «Türkmenbaşy» halkara deňiz portunyň wekilleri gatnaşdy.
Bu okuw ÝHHG-niň Türkmenistan hökümetine serhet howpsuzlygynyň dolandyryş strategiýalaryny we mehanizmlerini güýçlendirmäge ýardam etmek boýunça Aşgabatdaky uzak möhletleýin meýilnamalaşdyryş çäreleriniň çäginde geçirildi.
Taýýarlan: Janmämmet Gulamow