Şenbe güni geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasynda ýaprakly, pürli, miweli agaç we üzüm nahallaryny ekmek göz tutulýar, onuň ýurdumyzyň ekologiýa abadançylgy hem-de klimatyň üýtgemeginiň netijelerini pesetmek boýunça ähmiýeti uludyr. BMG-niň bilermenleri, şol sanda Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tokaýlarynyň ýagdaýyna birinji sebit synynda hem tebigy tokaýlaryň hem-de emeli baglaryň tebigy ekoulgamlaryň zaýalanmagynyň öňüni almakda we klimatyň üýtgemegine garşy göreşde möhüm ähmiýetini belleýärler.
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) taýýarlan «Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tokaýlarynyň ýagdaýy» hasabatynda Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tokaýlarynyň şu sebitiň topragynyň zaýalanmagyna we ýowuz klimat şertlerinde çölleşmegine garşy göreşde uly ähmiýete eýedigi bellenilýär. Tokaýlaryň we tokaýlyk ýerleriň 90 göterime golaýy gorag işini ýerine ýetirýär. Sazak meýdanlary Aral deňziniň töwereginde az sanly gorag serişdeleriniň biridir, onuň meýdanynyň kiçelmegi şor çöl emele getirdi, ondan turýan ýel zäherli tozan ýaýradýar. Tokaýlar ýangyç we azyk çeşmesi bolup hyzmat edýärler.
Daşky gurşawy goramakda we durnukly ösüşi ilerletmekde diňe bir tebigy tokalýlaryň däl, eýsem ekilýän agaçlaryň hem wajyp ähmiýeti bardyr. Şaherlede we şaherçelerde, boş ýatan ýerlerde bag ekilmegi kömürturşy gazyň köp sorulyp, kislorodyň köpelmegine getirýär. Agaçlar howany arassalaýarlar, suw akymyny düzgünleşdirýärler, ýelden we gohdan goraýarlar.
Glazgo şäherinde geçirilýän BMG-niň klimatyň üýtgemegi boýunça konwensiýasynyň taraplarynyň 26-njy Maslahatynyň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Onuň çäklerinde geçirilen iki günlük sammitde dünýä ýurtlarynyň 105-si Tokaýlary we ýerden peýdalanmagy goramak jarnamasyny kabul etdiler, onda dünýäniň liderleri ýerden durnukly peýdalanmak we tokaýlary, şeýle hem beýleki ekoulgamlary saklap galmak, goramak we dikeltmek boýunça borçlaryny tassykladylar. Bu resminama atmosferada kömürturşy gazyň möçberini azaltmak boýunça Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmäge ýardam eder.
Ogulgözel Rejebowa