Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň giňden dabaralandyrylan ýyly şatlykly wakalara ulaşýar.

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Büzmeýin ýaşaýyş jaý toplumynda Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin gurlan 1 sany 4 gatly, degişlilikde, iki we üç otagly, jemi 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy.

Şeýle-de, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň «Garaşsyzlyk» ýaşaýyş jaý toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat müdirliginiň işgärleri üçin gurlan, 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan gurlan dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýynda iki, üç we dört otagly öýler bar.

Açylyş dabarasynda söz sözlänler täze döwrebap jaýyň içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin ajaýyp sowgatdygyny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, işgärleriniň mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýandygyny nygtadylar hem-de täze jaýa göçüp gelen bagtyýar maşgalalary tüýs ýürekden gutladylar. Içeri işler edaralarynyň işgärlerine öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar özleri hakynda edilýän taýsyz tagallalar üçin hormatly Prezidentimiziňadyna alkyş sözlerini aýtdylar.
