8-nji noýabrdan 14-nji noýabr aralygynda güneşli, ýöne sowuk howa bolmagyna garaşylýar.
Aşgabatda howa gündizlerine +8...+10°C maýyl, agşamlaryna +3…+5°C salkyn, gijelerine –1…+1 gradus bolar.
Ahal welaýatynda gijelerine –3…+2°C, gündizlerine +14…19 gradusdan +6…+11 gradusa çenli howa bolar. Ýagyş ýagmagy mümkin.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar, ygal ýagmagyna garaşylýar. Sebitde gündizlerine +11…+16°C maýyl, onuň +23 gradusa çenli gyzmagy mümkin, gijelerine –2…+3°C, kenarýaka sebitlerde +8…+13 gradus howa bolar.
Mary welaýatynda ygally salkyn howa bolar. Gündizlerine +7…12 gradusdan +13…+18°C, gijelerine –3…+2 gradusa çenli howa bolar. Ýagyş ýagmagy mümkin.
Lebap welaýatynda bulutly we ýagynly howa bolar. Gündizlerine +6…11°C, gijelerine –4…+1°C çenli sowuk howa bolar.
Daşoguz welaýatynda gijelerine doňaklyk bolar. Gijelerine 0…–5 gradus sowuk, gündiz +4…+9°C, has gyzanda 13 gradusa çenli maýyl bolar.
Howanyň üýtgäp durýän döwrüniň gelmegi bilen sowuklama keselleriniň güýjemegi mümkin. Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullygy sowuklamadan goranmak üçin howa ýagdaýyna görä geýinmegi maslahat berýär.
Swetlana Çirsowa