Ï Botanika bagynyň göze ýakymly güýz lybasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Botanika bagynyň göze ýakymly güýz lybasy

view-icon 9804
Botanika bagynyň göze ýakymly güýz lybasy

Botanika bagy ýylyň ähli paslynda-da owadan. Güýzde-hä ol hasam ajaýyp. Ýaşlaryň bu jenneti künjekde surata düşmäge gelmegi hem tötänden däldir. Bu bagyň meşhurlygynda biziň gazetimiziň hem paýy az däl. Biz botanika bagy barada ýygy-ýygydan ýazýarys.


Biz her gezek bir ösümlik barada gürrüň edýäris. Bu gezekki «gahrymanymyz» – ýalpyldyly salwiýa. Onuň zümerret reňkli ýapraklaryndaky ýiti gyzyl güljagazlary göreni haýrana goýýar.

Gülçülik laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri Ýekaterina Kuroşina şeýle gürrüň berýär:

- Salwiýanyň watany Braziliýanyň tropiki tokaýlarydyr.Ol botanika bagynda biziň şertlerimize uýgunlaşan ilkinji güllüleriň biridir. Salwiýa açyk, ýöne ýarym garaňky ýeri halaýar, gün şöhlesiniň göni düşmegine çydamsyz. Şonuň üçinem ony daragtlaryň kölegesinde ekýäris. Ol öz watanynda köpýyllyk ösümlik bolsa-da, bizde her ýyl tohumyndan köpelýär.

Botanika bagynda ir gülleýän hrizantemalaryň birnäçe, esasan hem çopantelpek pisintlileri we uşak güllüleri bar.

Häzir bägülleriň güýzki açylýan döwri. Ýukka ýylda iki gezek gülleýär. Pirokanta melewşe owadan miwelere bürenipdir.

Çyrmaşyk bägül we üçgat ösüp oturan ýere barýarkak, jüýjejiklerini yzyna tirkäp barýan ördek ýolumyzy kesip geçdi. Bu guşlar bu ýerde özüni rahat duýýarlar.

Altynsow reňke bürenen dub alleýasy surata düşmäge gelýänleriň halaýan ýerine öwrülipdir.

Maýyl howany halaýan ösümlikleriň köpüsi ýyladyşhanalara geçirilipdir, bezeglik ýapon bananlary gyşdan sag-aman çykar ýaly olaryň köküni ýylatsaňam ýetikdir. Goýy ýaşyl we mawy leýlisaçlaryň altysy botanika bagynyň merkezi howdanyny gurşap otyr.

Häzir baglaryň reňbe-reň depeleri zehinli nakgaşyň suratyny ýatladyp dur.

Gaýdyşyn kepderilerdir ördekleriň arkaýyn gezip ýörşüni gördük. Bu ýere gelýänler olara iýmit oklaýardylar. Kepderiler bilen ördekler çörek aljak bolup biri-birini itekelşýärdiler. Gazlar bolsa çete çekilip, olara ýazgaryşly bakýardylar. Bu görnüş gözelligi bilen görk berýän ösümlikler dünýäsine syýahatymyzdan çaglanan keýpimizi has-da belende göterdi.

Tamara Glazunowa
Surata düşüren: Igor Lomow