Ï Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar

view-icon 3760
Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar

BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça onlaýn okuwy gurady. Çäre «Russiýaly bilermenler halkara ösüşi üçin» maksatnamasynyň bir bölegidir.

Çärä ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we dolandyryş edaralarynyň, bank edaralarynyň işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara maslahatçy Anait Smbatýan daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça amaly maslahatlar berdi.

Söwda öýleri öndürilen önümleri ýerleşdirmegiň iň netijeli usullarynyň biridir. Olar ýurtda öndürilýän önümler bilen tanyşdyrmak, olary mahabatlandyrmak we önümleri ýerleşdirmek, daşary ýurt bazarlarynda söwdany ilerletmek, daşary ýurt kompaniýalaryny maýa goýumyna çekmek, daşary ýurtlardaky ýarmarkalara, sergilere gatnaşmak üçin döredilýär. Olaryň esasy maksady önümleriň gorlarynyň däl-de, ýerleşdirilişiniň möçberini artdyrmakdyr.

Çärä gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, olaryň işiniň işjeňleşdirmegi we netijeliliginiň ýokarlandyrmagy ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini giňeltmäge ýardam eder.

Söwda öýleri harydy ýerlemegiň sada ýoluny teklip edýär: haryt öndüriji bilen alyjynyň arasynda ýeke «dellal» – söwda öýi bar. Olar iri satyn alyş guramalary ýaly köp möçberde önüm alyp bilýärler.

Aýjahan Ataballyýewa