Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda «KAMAZ» kysymly ulaglary abatlamak, olara hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkeziň gurluşygyna hormatly Prezidentimiziň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda «KAMAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezini gurmak hakynda beren tabşyrygyna laýyklykda badalga berildi. «KamAZ FTC CORP. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi tarapyndan bina edilen desga bir günde 10 ulaga hyzmat edip bilýär.
Täze desganyň açylyş dabarasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, milli Liderimiziň aladalary netijesinde pudagyň binýadynyň dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň dürli maksatly häzirki zaman ulag tehnikalary bilen yzygiderli artdyrylýandygyny belledi. Şolaryň hataryna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kamsk awtomobil zawody tarapyndan öndürilýän «KAMAZ» kysymly ýük awtoulaglary girýär. Şol tehnikalar paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň iri gurluşyklarynda ulanylýar.
Nobatdaky tehniki hyzmat ediş merkeziniň gurulmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir hem-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň nobatdaky tapgyrydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, önümçiligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 21-nji iýunynda Karara gol çekip, ýurdumyzyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we kärhanalaryna «KAMAZ FTC Corp.» kompaniýasy bilen «KAMAZ» kysymly awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň uly tapgyryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary tapgyrlaýyn satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berdi.
Hyzmatdaşlyk döwründe ýurdumyza bu kysymdaky dürli ýük tehnikalarynyň müňlerçesi getirildi. Kompaniýanyň inžener-işläp düzüjileri awtoulaglaryň görnüşini yzygiderli kämilleşdirip, häsiýetnamalaryny gowulandyrýarlar. Häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän hem-de ýurdumyzyň howa şertlerinde özüni oňat tarapdan görkezen bu ýük awtoulaglary ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda giňden ulanylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly syýasaty netijesinde durmuş-ykdysady maksatly dürli desgalar guruldy we gurulmagy dowam edýär. Halkara ýollaryň hili yzygiderli gowulandyrylýar, täze uly ýollar, köprüler gurulýar. Munuň özi ýurdumyzda halkara ulag geçelgeleriniň geçirijilik ukybyny gowulandyrmaga, ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder, üstaşyr ýükleriň möçberiniň köpelmegi bolsa ýurdumyzyň içerki we halkara logistika mümkinçiligini has-da artdyrar.
Täze okuw-hyzmat ediş merkezi esasy dolandyryş binasyny özünde jemläp, şonda ammar binasy we abatlaýyş bölümi ýerleşýär. Toplumda awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen bölüm, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanylýan uly göwrümli howuzlar ýerleşdirildi. Merkeziň çäginiň köp ýeri ätiýaçlyk şaýlary saklamaga niýetlenen uly ammar üçin niýetlenýär. Şol ätiýaçlyk şaýlarynyň yzygiderli getirilmegi ulagyň zerur serişdelerini gysga möhletde çalyşmaga mümkinçilik berer.
Şu günki dabaralara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Diýarymyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak barada edýän taýsyz aladalary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Dabaralaryň dowamynda işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.