Ï Ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri pandemiýa we saglygy goraýyş meselelerini beýan etmegiň aýratynlyklary bilen tanyşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri pandemiýa we saglygy goraýyş meselelerini beýan etmegiň aýratynlyklary bilen tanyşýarlar

view-icon 3547
Ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri pandemiýa we saglygy goraýyş meselelerini beýan etmegiň aýratynlyklary bilen tanyşýarlar

ÝHHG-niň Aşgabat merkeziniň «Žurnalistlik bilimi we žurnalistleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam» taslamasynyň çäginde geçirilýän pandemiýa we saglygy goraýyş meselelerini beýan etmek boýunça okuw kursy başlandy.

Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Maglumat merkeziniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem KHS-niň wekilleri gatnaşýar.

Üç gün dowam etjek okuw meýilnamasy wajyp metbugat formatlary bilen tanyşmagy we pandemiýa döwründe olardan täsirli peýdalanmagy, pandemiýa we saglyk temalaryndaky maglumatlaryň žanr aýratynlyklaryny, şeýle hem olary iş ýüzünde ulanmagyň mümkinçiliklerini öz içine alýar. Halkara bilermenler Ýuriý Zwýagintsew (RF) we Dmitriý Strowskiý (Ysraýyl) okuwa gatnaşýanlary beýleki ýurtlaryň mysalynda pandemiýa wagtynda metbugat bilen okyjylaryň özara täsiriniň aýratynlyklary, pandemiýa we saglyk temasynda häzirki zaman metbugat tejribesi bilen tanyşdyrarlar.

«ÝHHG köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösmegine uly ähmiýet berýär. Guramanyň iş alyp baran ýyllarynyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmegiň, olaryň erkinligine we plýuralizme ýardam etmegiň, şeýle hem maglumatyň elýeterliligini üpjün etmegiň möhümdigini nygtaýan birnäçe resminama kabul edildi. Žurnalistleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak we halkara derejede tejribe alyşmaga ýardam etmek metbugatyň ösmeginiň hökmany şertleridir. Žurnalistleriň öňünde hemişe-de aýratyn jogapkärli wezipe durýardy – takyk, tüýs wagtynda we obýektiw maglumat bermek. Siz, žurnalistler, gyzykly hekaýalary gürrüň bermek, adamlary herekete galkyndyrmak we ruhlandyrmak ukybyňyz bilen aýratyn güýje eýesiňiz» diýip, ÝHHG-niň Aşgabat merkeziniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Wilýam Lif öz çykyşynda belledi.

Okuwyň dowamynda oňa gatnaşýanlar nazaryýet taýdan alan bilimlerini berkitmäge kömek etjek amaly meseleleri hem ýerine ýetirerler. Okuw 12-nji noýabra çenli dowam eder.

Bilermenleriň baý tejribesi we saldamly bilimleri gatnaşýanlara pandemiýa we saglygy goraýyş meselelerini beýan etmekde peýdaly endikleri almaga mümkinçilik berer.

Ilaty anyk, düşnükli maglumat bilen üpjün etmekde, şeýle hem adamlara özleriniň we ýakynlarynyň saglygyny goramaga mümkinçilik berýän özüňi alyp barşy wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm orny bardyr. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri adamlaryň özlerini alyp baryşlaryny keseliň ýaýramagyny çäklendirjek we saglyk ulgamlarynyň işiniň aşa agralmagyna ýol bermejek terzde üýtgetmeklerine ýardam edip biler.

 Aýjahan Ataballyýewa