Ï Ýaş zehinleriň çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş zehinleriň çykyşy

view-icon 4670
Ýaş zehinleriň çykyşy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konmserwatroiýasynyň uly zalynda sazly agşam geçirildi. Fortepiano kafedrasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowdan tälim alýan 1, 2, 3-nji ýyl talyplary dürli döwürleriň kompozitorlarynyň we saz ugurlaryndan eserleri ýerine ýetirdiler.

Konserti 1-nji ýyl talyby Kirill Lebedew açdy. Pianinoçy dünýä saz sungatynyň nusgawy kompozitory Iogan Sebastýan Bahyň inwensiýasyny we Moris Moşkowskiniň « Lýa-bemol mažor opus 72 №11 etýudyny» çaldy. Onuň yzysüre çykyş eden 1-nji ýyl talyby Agajan Amadow Moşkowskiniň ýene bir etýudyny hem-de Karl Weberiň fortepiano üçin «Perpetum Mobile» solo sazyny ýerine ýetirdi.

1-nji ýyl talyby, zehinli sazanda Arslan Nobatow hem Bahyň we Moşkowskiniň eserlerini ýerine ýetirdi.

Erjel Ýagşymyradow birbada üç sazy ýerine ýetirdi. Aýratynam ýaş pianinoçynyň çalmagynda Feliks Mendelsonyň «Lýa-minor etýudy» tomaşaçylara ýarady.

Şayslam Kamiljanowyň çykyşam diňleýjileriň göwnünden turdy. Ol Sergeý Rahmaninowyň «Mi-bemol minor prelýudiýasyny» ussatlarça ýerine ýetirdi.

Soňra 2-nji we 3-nji ýyl talyplary Oýbek Berdiýew, Selbi Satmatowa, Aziza Gaýypowa, Dilşot Abdullaýew, Kabul Çolukow we Kuwwat Amangeldiýew Bethoweniň, Şumanyň we Skrýabiniň eserlerini çalyp, tomaşaçylaryň alkyşyna mynasyp boldular.

Kirill, Arslan, Agajan we Şayslam Frans Ýozef Gaýdnyň «104-nji simfoniýasynyň» birinji bölegi bilen konserti jemlediler.

Çäräniň ahyrynda 1-nji ýyl talyplary konsertden öň tolgunandyklaryny aýtdylar. Şayslam beýlekilerden az tolgunypdyr, çünki ol uly sahnada ýaşlar orkestri bilen çykyş edipdir.

Ýaş pianinoçylar öz halaýan kompozitorlaryny aýtdylar. Kirill, Agajan we Erjel Nury Halmämmedowyň, bäş ýaşyndan bäri sazanda bolmagy arzuw eden Arslan Nobatow Çary Nurymowyň, Daşoguzdan paýtagta okuwa gelen Şayslam Weli Muhadowyň eserlerini agzadylar. Olar her bir talyba siňdirýän alada-tagallalary üçin mugallymlaryna alkyş sözlerini aýtdylar.

 Roman Teplýakow