Ï «Türkmengaz» döwlet konsernine maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmengaz» döwlet konsernine maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

view-icon 8849

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak hem-de “Türkmengaz” döwlet konsernini zerur bolan maddy-tehniki enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Auguste International F.Z.E” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.