Ï Aragatnaşyk ulgamynyň kanunçylyk binýady döwrebaplaşdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aragatnaşyk ulgamynyň kanunçylyk binýady döwrebaplaşdyrylýar

view-icon 3401
Aragatnaşyk ulgamynyň kanunçylyk binýady döwrebaplaşdyrylýar

Gahryman Arkadagymyzyň 2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly gecirilen nobatdaky mejlisinde ilatymyza halkara ölçeglerine laýyk gelýän poçta we beýleki degişli hyzmatlaryň hödürlenilmegini üpjün etmek babatda, şeýle hem 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren taryhy duşuşygynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, poçta işiniň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen «Poçta aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işläp taýýarlandy.

Bu taslama Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlsiniň şu ýylyň 30-njy oktýabrynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky maslahatynda deputatlaryň garamygyna çykaryldy hem-de biragyzdan «Poçta aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şu ýylyň 12-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bu kanun makullandy. Şu ýylyň 13-nji noýabrynda bolsa Hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekildi.

Kanun 8 Bapdan hem-de ol baplardaky kadalary giňişleýin beýan edýän 49 maddadan ybaratdyr. Kanunda dürli kadalary özünde jemleýän 46 sany esasy düşünjeler ulanyldy hem-de olar giňden beýan edildi. Kanunda poçta aragatnaşygy çygrynda amala aşyrylýan işleriň hukuk esaslary bellenilip, bu çygyrda ulanylýan esasy kadalar we ýörelgeler giňden beýan edildi.

Milli poçta tory hem-de Milli operator barada düşünje girizildi. Şuňa laýyklykda «Türkmenpoçta» poçta argatnaşyk kompaniýasy milli operator hökmünde kesgitlenildi.

Şeýle hem Milli operatoryň wezipe borçlary, alyp barýan işleri kesgitlenildi. Şeýlelikde Milli operatoryň dürli töleglere niýetlenilen pul serişdelerini fiziki we ýuridik şahslardan nagt we nagt däl görnüşlerde kabul etmegine kanunçylyk esas döredilýär.

Bu Kanunyň kabul edilmegi, «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman sanly hyzmatlary hödürlemäge, elektron söwda dolanşygyny mundan beýläk-de içerki we dünýä bazarynda gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda deň hukukly bäsleşigi artdyrmga, ilatymyza hödürlenýän hyzmatlaryň sanyny köpeltmäge, ýeňillikleri döretmäge, şeýle-de «Türkmenpoçta» poçta argatnaşyk kompaniýasynyň islendik aragatnaşyk bölüminde Türkmenistanyň çägine we daşary ýurt döwletlere sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly, amatly şertlerde hat-habarlary, dürli göwrümli poçta ugratmalary, şol sanda poçta pul geçirimleri adaty we tizleşdirilen görnüşde ibermäne hem-de dürli hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyrmana mümkinçilik döretmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Gahryman Rozyýew,  
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.