Ï Awtoulag benzininiň eksporty artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awtoulag benzininiň eksporty artýar

view-icon 4111
Awtoulag  benzininiň eksporty artýar

Özbegistan Respublikasynyň Döwlet komitetiniň statistika boýunça metbugat gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň 10 aýynda Özbegistan Respublikasy 300 million litr benzini daşary ýurtlardan satyn aldy. Eziz Diýarymyz goňşy döwlete awtoulag ýangyjyny satýan ýurtlaryň arasynda Russiýadan soň ikinji ýerde durýar. Şu ýylyň dokuz we on aýyna degişli maglumatlar Türkmenistanyň Özbegistana awtoulag benzinini eksport etmekde Russiýanyň yzyndan ýetip barýandygyny görkezýär.

Mysal üçin, 2021-nji ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda Özbegistan Russiýadan 140,5 million litr, Türkmenistandan bolsa 126,8 million litr benzin satyn alypdyr. Ýanwar – oktýabr aýlarynda Russiýadan ýangyç üpjünçiligi 142,3 million litr, Türkmenistandan bolsa 136 million litr bolupdyr. Özbegistanyň awtoulag benzinini satyn alýan bäş ýurduna Gazagystan (16 million litr), Yrak (3,6 million litr), Eýran (1,8 million litr) hem girýär.