Ï Tüwi hasylyny gaýtadan işlemek dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tüwi hasylyny gaýtadan işlemek dowam edýär

view-icon 5824
Tüwi hasylyny gaýtadan işlemek dowam edýär

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy adyndaky etrabynda ýerleşýän iri döwrebap tüwi arassalaýjy kärhana täze tüwi hasylyny gaýtadan işlemäge başlady. Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň şalyçylary şu ýyl hem bu «merjen dänesini» taýýarlamak boýunça ýyllyk tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Olar sekiz müň bir ýüz gektar şaly meýdanyndan 35 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnadylar. Ýygym möwsüminiň üstünlikli geçmegine işiň ýokary derejede guralmagy ýardam etdi, çünki onda köp sanly ýöriteleşdirilen enjamlar, şol sanda «John Deere» we «CLAAS» kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlar-da ulanyldy. Ýurduň demirgazygynda bu ekiniň esasy öndürijisi, adatça, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň iki sany ýöriteleşdirilen hojalygy bolup, olar şalynyň ýerli toprak we howa şertleri üçin iň amatly «Müňbabaşy», «Nöküs-2», «Alenga» we «Bereketli» ýaly ýokary hasylly we kesele çydamly görnüşlerini üstünlikli ösdürip ýetişdirýär. Mysal üçin, şu ýyl diňe S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde dört müň ýedi ýüz elli gektar ýere şaly ekildi.

Daşoguz welayaty ýurduň iň uly tüwi öndürijilerinden biridir. Döwlet tüwini üstünlikli öndürip ýetişdirmek üçin ähli zerur şertleri, şol sanda ýokary hilli tohum öndürmek, ekmek, ýygmak, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işläp, ahyrky önümleri almak ýaly işleri öz içine alýan doly önümçiligi-de döretdi. Bu pudak iň döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlaryň ýeterlik topary bilen üpjün edilendir, bu ýerde ýer we suw gorlaryna sarpaly çemeleşmek esasynda bu ekini ösdürip ýetişdirmegiň iň ösen usullary önümçilige üstünlikli ornaşdyrylýar.