Ï Ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek bellenildi

view-icon 8043

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji Kararyna laýyklykda, ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes etmek, şeýle hem ýer böleklerini degişli döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek bellenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek hem-de ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.