Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany

view-icon 5553

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik işi bilen ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana netijeli ýardam bermekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly
 Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 26-njy noýabry.