mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Žurnalistika sanly ulgamda

view-icon 1392
Žurnalistika sanly ulgamda

Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda 2019-njy ýylyň aprelinde her çärýekde bir gezek çap edilýän «Тürkmenistan Sport» halkara žurnalynyň ilkinji sany neşir edildi. Ol ömrüni sport bilen baglanyşdyran hünärmenlere, talyp ýaşlara we ähli sport söýüjilerine niýetlenendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda neşir edilýän bu žurnal sport ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatyny şöhlelendirmek, ýurduň ilatyny, aýratynam ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek, ýetginjek oglan-gyzlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çagyrmak, Garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistanyň sport ulgamy, iri halkara ýaryşlar barada giňişleýin gürrüň bermek, täze taryhy şertlerde türkmen halkynyň sport dünýäsindäki abraýyny ýokary götermek, dünýäniň sport arenasynda türkmenistanlylaryň üstünliklerini şöhratlandyrmak ýaly maksatlary öz öňünde goýýar.

2020-nji ýylyň iýunynda žurnalyň hepdelik «7/24.tm» elektron goşundysy hem döredildi. Häzirki wagtda Türkmenistanda ähli ulgamlarda sanlylaşdyryş işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda «Тürkmenistan Sport» halkara žurnaly döwürleýin neşirleriň arasynda ilkinjileriň hatarynda özüniň hepdelik elektron goşundysyny köpçülige ýetirip başlady. Indi dünýä we türkmen sportunyň 24 sagadyň içindäki iň soňky täzelikleri bilen elektron görnüşde tanyşmak mümkin. «7/24.tm» elektron goşundysy «www. metbugat.gow.tm», «www. turkmenmetbugat.gow.tm» saýtlary arkaly okyjylara elýeterli edildi.

Mundan beýläk dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanda sport, bedenterbiýe we saglyk ulgamlarynyň ösdürilişi, bu babatdaky halkara hyzmatdaşlygyň berkidilişi barada giňişleýin maglumatlary alyp bilerler. Neşiriň okyjylary türkmen türgenleri, tälimçileri, dünýä we Aziýa arenalarynda olaryň gazanýan üstünlikleri bilen ýakyndan tanşyp bilerler. Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalary bilen ýakyndan tanyşarlar. Daşary ýurtly okyjylar bolsa şäherçäniň dünýä ülňülerine laýyk gelýän desgalarynda ýaryşlary, bäsleşikleri, medeni-köpçülikleýin çäreleri we türgenleşik işlerini guramaga we ýokary derejede geçirmäge ähli şertleriň döredilendigine göz ýetirýärler.

«7/24.tm» elektron goşundy her hepdäniň duşenbe güni okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Sport habarlary we materiallar bu neşirde türkmen, rus we iňlis dillerinde okyjylara hödürlenilýär. Şeýle-de, hepdelik goşundynyň sahypalarynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň durmuşyndaky möhüm habarlara uly orun berilýär.