Ï Multimedia žurnalistikasy Aşgabatda geçirilen halkara onlaýn-seminaryň üns merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Multimedia žurnalistikasy Aşgabatda geçirilen halkara onlaýn-seminaryň üns merkezinde

view-icon 3152
Multimedia žurnalistikasy Aşgabatda geçirilen halkara onlaýn-seminaryň üns merkezinde

Aşgabatda mutltimedia žurnalistikasy boýunça onlaýn-okuw geçirildi.

Üç günlük çärä Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnaistika fakultetleriniň mugallymlary bilen talyplary gatnaşdylar.

Beýik Britaniýadan halkara bilermeni multimedia tehnologiýalar ulgamynda häzirki zaman ýörelgeleri we multimedia kontentini döretmek üçin gurallary hem hyzmatlary bilen tanyşdyrdy. Okuw şeýle hem  mutltimedia  žurnalistikasynda etika we hünär ölçegleriniň, sosial ulgamlarda, kommunikasiýa hem-de multimedia gurallarynda kontenti dolandyrmagyň, şeýle hem mobil žurnalistika ýörelgeleriniň meselelerini beýan etdi. 

Talyplaryň öňünde çykyş edip, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor Merkezi Aziýa KHBS-niň «Plýuralizm we Interneti dolandyrmak» 13-nji maslahatyna gatnaşanlaryň kabul eden jarnamasyny ýatlady, onda «KHBS-ne plýuralizm esasy gymmatlykdyr we demokratik jemgyýetiň hereket etmeginiň iň möhüm şertleriniň biridir, onda internet örän wajyp ähmiýete eýedir» – diýip nygtalýar.

«Internetiň döredýän mümkinçilikleriniň özboluşly şertlerinde häzirki žurnailstler wakalaryň özenine çalt düşünmek üçin zerur analitik ukyplaryndan başga-da,  täze tehnologiýalardan peýdalanmagy başarmalydyrlar  we multimediýany ulanmaga  başarnykly bolmalydyrlar. Häzirki talyplar Türkmenistanyň žurnalistikasynyň geljegidir, biz şu okuwyň häzirki media-gurşawynyň talaplaryna laýyklykda  olaryň hünär taýdan ösüşine ýardam etjekdigine berk ynanýarys» – diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Okuw neşir edilýän KHBS-leri sanlylaşdyrylmagy ulgamynda Türkmenistanyň tagallalaryna goldaw bermegiň çäklerinde guraldy, ol 2020-nji ýylda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi innowasion çäreleriň birnäçesini guranda täze ösüşe eýe boldy.