Ï Halkara maýyplar gününe bagyşlanan çäre
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara maýyplar gününe bagyşlanan çäre

view-icon 2736
Halkara maýyplar gününe bagyşlanan çäre
Halkara maýyplar gününe bagyşlanan çäre
Halkara maýyplar gününe bagyşlanan çäre
Halkara maýyplar gününe bagyşlanan çäre
Halkara maýyplar gününe bagyşlanan çäre
Halkara maýyplar gününe bagyşlanan çäre
Halkara maýyplar gününe bagyşlanan çäre
Halkara maýyplar gününe bagyşlanan çäre
Halkara maýyplar gününe bagyşlanan çäre
Halkara maýyplar gününe bagyşlanan çäre

Dekabr aýynyň 3-ne tutuş dünýäde ýigrimi dokuzynjy gezek Halkara maýyplar güni belleniler. 1992-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy maýyplary jemgyýetçilik durmuşyna goşmak maksady bilen dünýä döwletlerini her ýyl şu sene mynasybetli çäreleri geçirmäge çagyrdy.

Şondan bäri Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti bu sene mynasybetli dürli çäreleri guraýar. Bu gezegem Jemgyýetiň döredijilik ussahanalarynda gözden geçirişler, bäsleşikler, şeýle hem eşidişi we göreji babatda maýyplaryň işleriniň sergisi guraldy.

Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasyndan we Medeniýet institutyndan ygtyýarly emin agzalary olara baha berdiler.

Çäräniň guramaçylary sowgatlyklary, suratlary, ownuk-uşak işleri, keşdeleri we ş.m. taýýarlamak ýaly her dürli bäsleşikleriň ugurlaryny hem-de şertlerini deslapdan aýan etdiler.

Gözden geçirliş-sergä ýurdumyzyň sebitleriniň ählisinden Jemgyýetiň agzalary gatnaşdylar. Ýeňijiler pul we gymmat bahaly sylaglar bilen sylaglandy.

Öz ugurlaryndan Baýramalydan M. Kadyrowa («Arkadagym bilen Watan gülleýär» essesi), Balkanabatdan A. Hudaýgulyýewa bien M. Kulow (bilelikde aýdym aýtmak), Marydan A. Ataýewa (keşde, el işleri), Balkan welaýatyndan M. Hanjyýew (milli önümler) baýrakly orna mynasyp boldular.

Gözden geçirilişe gatnaşanlaryň iň ýaşy Anastasiýa Hudaýgulyýewa bilen Maksat Kulow «Sen meniň ýüregim» aýdymyny bilelikde aýdyp, bu ýere ýygnanlaryň söýgüsini gazandylar.

Köpsanly aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň gatnaşan baýramy gyzykly geçdi we ruhubelentlige beslendi.