Ï Mandarin möwsümi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mandarin möwsümi

view-icon 4846
Mandarin möwsümi

Mandarin, esasan, gyş we Täze ýyl baýramçylygy bilen dahylly miwe hökmünde göz öňüňe gelýär. Häzirki wagtda söwda tekjelerini püre-pürlän bu sitrus miwesi hoşboý ysy bilen özüne çekýär. Ýurdumyzyň bazarlarynda hödürlenýän mandarin görnüşleriniň köp dürlüliligi tötänlik däldir – türkmen telekeçileri sitrus ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi özleşdirdiler we bu miwäniň welaýatlara üznüksiz iberilip durulmagyny üpjün etdiler.

Geliň, hemişe gök öwsüp duran sitrus agajynyň miwesiniň nämä peýdasynyň bardygyny we olary nädip dogry saýlamalydygyny anyklamaga çalşalyň.

Kaloriýalylygy 100 gram önümde 40 kkal bolan mandariniň diňe süýji eti däl, eýsem antioksidantlary bolan gabygy hem peýdalydyr. Gabygyň iç ýüzündäki ak bardalarda çişmä garşy güýçli täsiri bolan flawanoid nobiletin bar, şonuň üçin miwäni ulanmazdan ozal gowy ýuwmalydyr.

Açyk mämişi ýa-da sarymtyk görnüşli mandarin satyn alanyňyzda, hökmany suratda, miwäniň gözenekli gabygyny dykgat bilen synlaň, onuň zaýalanan ýa çüýrän ýeri bolmaly däldir. Açyk reňkli miweleriň tagamy turşurak bolar, iň süýjisi bolsa açyk gyzylymtyl “don geýnenleridir”. Miwe näçe agyr bolsa, şonça-da şireli we süýjüdir.

Mandarin A, D, K witaminlerine-de baýdyr, bu miwede köp mukdarda askorbin kislotasy, şeýle hem gujury artdyrýan we ýadawlygy aýyrýan efir ýaglary bardyr. Kletçatkanyň mukdarynyň köplügi bolsa iýmit siňdiriş amallaryny sazlamaga kömek edýär.

Şeýle-de bolsa, mandarini aşa köp iýmek allergik täsirleri döredip biler, şonuň üçin günde üç-dört miweden köp iýmezlik maslahat berilýär. Mundan başga-da, mandarini ajöze iýmeli däldir, sitrusdaky kislotalar nemli aşgazan-içege ulgamyna zeper ýetirip biler.

Hytaýda mandarin maddy üpjünçiligiň, baýlygyň we üstünligiň nyşany hasaplanýar. Täze ýylda sitrus miwesini sowgat bermek däbi-de hut şol ýerde döräpdir.