mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

ÝUNISEF Türkmenistana lukmanlar üçin şahsy gorag serişdelerini getirdi

view-icon 2064
ÝUNISEF Türkmenistana lukmanlar üçin şahsy gorag serişdelerini getirdi

Şu hepdede ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi  üçin şahsy gorag serişdelerini (ŞHS) getirdi. Olar umumy bahasy ABŞ-nyň 225 000 dolalryna  barabar  bolan ŞHS-ne kombinzondan, örtüklerden, gorag nikaplaryndan, ýektaýlardan, elliklerdir we gorag äýneklerinden ybaratdyr. Bu serişdeler ýiti ýokanç kesellerine garşy durmagy üpjün etmegiň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge dowam edýän goldawyň çäklerinde beridli.

«COVID-19 pandemiýasynyň tutuş dünýäde dowam edýänligi sebäpli şahsy gorag serişdeleri keselleriň öňüni almagyň we olara garşy durmagyň möhüm bölegidir. Biz lukmanlaryň saglygna jogapkärdiris» – diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea aýtdy.

ÝUNISEF tutuş dünýäde pandemiýa  döränden zerur lukmançylyk enjamlaryny we gigiýena  serişdelrini almakda Türkmenistana goldaw berýär we ählumumy wehimi ýeňip geçmek üçin goldawy dowam etmäge taýýardygyny beýan edýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň çagalar üçin esasy sanjymlary getirmegiň ozaldan gelýän hyzmatdaşlygynyň çäklerinde meýilnamalaşdyrylan immunizasiýa üçin  «A» gepatite, möwsümleýin dümewe, garahassa we popilloma wirusyna garşy esasy sanjymlaryň 4-si getirildi. Munuň özi ÝUNISEF-iň 2021-nji ýylda sanjymlary satyn almak we getirmek hem-de ýurtda çagalaryň yzygiderli sanjymyny üpjün etmek boýunça  borçlaryny ýerine ýetirmekdäki üçünji ýüküdir.

Sanjymlary we çykdajy serişdelrini satyn almak bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň Hökümeti maliýeleşdirýär, meýilnamalaşdyrylan sanjymlar ýurtda çagalara mugt sanjylýar. ÝUNISEF ýokary hilli, BSG-niň deslapky barlaglaglaryndan geçen sanjymlary, şeýle hem sanjymlar we sowadyjylar üçin howpsuz enjamlary satyn almakda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýär.