Ï Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän baýramlaryň ýokary derede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän baýramlaryň ýokary derede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy

view-icon 5093
Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän baýramlaryň ýokary derede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyly mynasyp garşylamaga bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň we çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň, olara gabatlap gyzykly teleradiogepleşikleri, metbugatda makalalary taýýarlamagyň zerurdygyna wise-premýer M.Mämmedowanyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu barada Türkmenistnanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.

Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň ünsüni Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň hem çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmeklige çekdi.

Döwlet Baştutanymyz gyş paslynyň başlanandygyny, şoňa görä-de, bazarlarymyzda we dükanlarymyzda, aýratyn-da, baýramçylyk günleri dürli önümleriň bolelin bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny, nyrhlaryň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däldigini aýdyp, wise-premýer Ç.Gylyjowa degişli tabşyryklary berdi.