Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) ýurt boýunça edarasy milli hyzmatdaşlary bilen bilelikde 3-nji dekabrda, Halkara maýyplar gününde Türkmenistanda maýyplary iş bilen üpjün etmek meselesine bagyşlanan onlaýn seminar geçirdi. Bu çäre BMGÖM tarapyndan Türkmenistanda ýurduň Körler we kerler jemgyýeti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda maýyplar üçin amatly iş: bilim almak we mynasyp iş tapmak mümkinçiligi üçin, jemgyýetçilik kärhanalaryny özgertmek» taslamasynyň çäginde guraldy.
Seminaryň işine Türkmenistanyň Milli Geňeşiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Adalat ministrligi, Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Aýallar bileleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar bileleşigi, Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi we «Ýeňme» jemgyýetçilik birleşigi we ýurdumyzyň bäş welaýatyndan hünärmenler gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşanlar giň gerimli iş modeline daýanmak bilen, maýyplary Türkmenistanda açyk zähmet bazarynda iş bilen üpjün etmegiň geljegi we amaly taraplary, şeýle hem bu mesele boýunça döwlet hem hususy pudaklar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, ähli gyzyklanýan taraplaryň arasynda gepleşigi ýola goýmak barada pikir alyşdylar.
«Türkmenistanda maýyplar üçin elýeterli iş: bilim almak we mynasyp iş tapmak mümkinçiligi üçin, sosial kärhanalary özgertmek» taslamasynyň maksady eşidiş we görüş ukyby pes adamlar üçin iş we gazanç mümkinçiliklerini hünär okuwy arkaly giňeltmek, täze iş mümkinçiliklerini döretmekdir. Taslama, 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda Durnukly ösüş pudagyndaky hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň aýrylmaz bölegidir. Ol 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMGÖM-iň arasyndaky Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy we Türkmenistanyň sosial gorag ulgamyny gowulandyrmakda anyk netijelere ýetmek üçin döredildi.