Türkmenistanda ýagynsyz, üýtgäp durýan bulutly howa bolar diýlip çak edilýär. Hepdäniň ahyrynda az-kem ýagynly bolmagyna garaşylýar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine ortaça + 15 ... + 17°C maýyl bolar, bu görkezijileriň +10 ... +12°C-ä çenli üýtgemegine garaşylýar. Gijlerine +5 ... +7°C bilen +2 ... +4°C aralygynda bolar. Deslapky çaklamalara görä, anna güni ýagyş ýagmagyna garaşylýar.
Ahal welaýatynda gündizlerine howanyň temperaturasy +14 ... +19°C bilen +9 ... +14°C aralygynda bolar. Gijelerine +4… +9°C, hepdäniň ahyrynda bolsa 0… +5°C bolar. Ygal düşmegi mümkin, ertirlerine ümürli bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar, ümür gelip, ýagyş ýagar. Temperatura gündizlerine +16...+21 bilen +10 ... +15°C aralygynda bolar. Agşamarlar temperaturanyň +5...+10°C-ä, gijelerine bolsa +1 ... +6°C-ä çenli aşak düşmegine garaşylýar. Kenarýaka sebitlerinde şemal öwsüp, +6 ... +11°C maýyl howa bolar.
Mary welaýatynda-da ýagyş ýagmagy çaklanylýar. Gündizlerine, howa, esasan, maýyl bolup, temperatura +14...+19°C bilen +10 ... +15°C aralygynda saklanar. Gijelerine +3… +8°C-den –1…+ 4°C-ä çenli sowar.
Lebap welayatynda az-kem ýgyn ýagmagyna garaşylýar. Howa ýyly bolup, gündizlerine +13 ... +18°C-den +8 ... +13°C aralygynda saklanar. Gijelerine + 3 ... + 8°C-den –2 ... +3°C-a çenli sowar.
Daşoguz welaýatynda gündizlerine +9 ... +14°C bilen +5 ... +10°C-e çenli aralykda bolup, gysga wagtlyk ýagyş ýagar. Welaýatda gije +1 ... +6°C-den –3 ... + 2°C sowuk bolmagyna garaşylýar.
Şunuň ýaly arassa sergin howada pyýada gezelenç etmek nerw ulgamy we tutuş beden üçin örän peýdalydyr. Köpçülik ýerlerinde degişli aralygy saklaň we agyz-burun örtüklerini dakynmagy unutmaň!