Ï Bol hasyl ýygnalýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bol hasyl ýygnalýar

view-icon 3977
Bol hasyl ýygnalýar

Ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň bereketli ekin meýdanlarynda yhlas siňdirilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň bol hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly dowam edýär.

Bu möhüm işde hasyl ýygnaýjy kuwwatly oba hojalyk tehnikalary hem-de täze hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamak üçin niýetlenen kämil awtoulaglar ýerlikli peýdalanylýar. Ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnap almakda welaýatyň Serdar we Bereket etraplarynyň kärendeçi daýhanlary has-da netijeli zähmet çekýärler. Işleriň häzirki depgini hasyl ussatlarynyň şu möwsümde ýokary hilli gant şugundyrynyň 24 müň tonna hasylyny ýygnamak baradaky meýilnamany abraý bilen berjaý etjekdiklerine güwä geçýär.

Şu günler welaýatda 600 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň bol hasylyny ýygnap almak işleri hem jemleýji tapgyrda alnyp barylýar. Munuň özi şu ýyl welaýatda ýeralmanyň 8 müň 400 tonna hasylyny almak baradaky meýilnamanyň ýakyn günlerde artygy bilen amal ediljekdigine şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda täze hasylyň ilkinji tonnalaryny söwda nokatlaryna hem-de sebitiň ak bazarlaryna ugratmak işleri gyzgalaňly dowam edýär.

Welaýatda beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda käşiriň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirmeklige hem aýratyn üns berilýär.

Şeýlelikde, welaýat möçberinde käşiriň 540 tonnasyny taýýarlamak baradaky meýilnama irki möhletlerde üstünlikli ýerine ýetirildi.