Ï Ýokary zähmet depgini bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary zähmet depgini bilen

view-icon 6843
Ýokary zähmet depgini bilen

Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri güýzlük ýeralmanyň bol hasylyny ýygnap, 2021-nji ýyly zähmet üstünligi bilen tamamlaýarlar. Geçen ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem güýzlük ýeralmany taýýarlamak boýunça tabşyryk ýerine ýetirildi.

Sowuk düşmänkä, ekin meýdanlaryndan 11,244 tonna hasyl ýygnaldy, bu bolsa göz öňünde tutulan meýilnamadanam artykmaç tabşyrylandygyna şaýatlyk edýär. Hasyl ýygnamaga dahylly ähli bölümleriň sazlaşykly hereketleri bu jogapkärli işi gysga wagtyň içinde guramaçylykly amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi. Welaýatyň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, güzlük ýeralmasy bu ýyl Gurbansoltan eje we S. A. Nyýazow adyndaky etraplarda, şeýle hem Gubadag etrabynda 800 gektar meýdanda ekildi. Çylşyrymly howa şertlerinde ekiniň idegine degişli ylmy maslahatlaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi, köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribe her gektardan pesinden bir ýüz kyrk sentner hasyl ýygnamaga mümkinçilik döretdi.

Daýhanlaryň bu zähmet üstünligi ýurdumyzyň demirgazygynda ýeralma ösdürip ýetişdirmekde toplanan tejribe ýylda iki hasyl almaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýurtda azyk üpjünçiligi boýunça durmuşa geçirilýän meýilnamalaýyn çäreleriň, döwlet tarapyndan daýhanlara yzygiderli goldaw berilmeginiň we olaryň höweslendirilmeginiň, hususy azyk öndürijileriň oba hojalygyna giňden çekilmeginiň we oba hojalygynda guramaçylyk işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň netijesinde mümkin boldy.

Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda ýeralma önümçiligine hususy öndürijileri-de oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite ýer serişdeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen işjeň gatnaşýarlar.