Ï Türkmenistandan pomidor we burç Russiýa ugradylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistandan pomidor we burç Russiýa ugradylýar

view-icon 7369
Türkmenistandan pomidor we burç Russiýa ugradylýar

Russiýanyň weterinar we fitosanitar gözegçiligi boýunça federal gullugy (Россельхознадзор) Türkmenistanyň kärhanalarynyň 88-sine şu ýylyň 10-njy dekabryndan başlap, pomidor we burç ugratmaga rusgat berdi.

Russiýanyň bu edarasynda habar berlişine görä, şeýle karar türkmen tarapyndan teklip edilen, Türkmenistanda pomidor we burç ýetişdirýän kärhanalaryň fitosanitar monitoringiniň netijeleri boýunça kabul edildi.

Ozal habar berlişi ýaly, Russiýanyň weterinar we fitosanitar gözegçiligi boýunça federal gullugy GDA ýurtlarynyň käbirinden fitosanitar nukdaý-nazardan pomidor we burç getirmäge käbir çäklendirmeler girizipdi.