Ï Ýurdumyzyň ösüşlerine alymlaryň ylmy goşundy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň ösüşlerine alymlaryň ylmy goşundy

view-icon 5472
Ýurdumyzyň ösüşlerine alymlaryň ylmy goşundy

Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktorlarynyň we kandidatlarynyň dissertasiýalaryny goran alymlaryň uly toparyna diplom gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanda ylma ykdysadyýetiň, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynyň innowasion ösüşinde we sanlylaşdyrmakda esasy ösüş güýji hökmünde garalýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, Tehnologiýa merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde düýpli hem-de amaly barlaglar geçirmek üçin zerur şertler döredildi. Türkmenistanyň ylmyny öňdebaryjy sepgitlere çykarjak alymlaryň, inžener-tehnologlaryň täze nesli kemala gelýär.

Ýurdumyzyň ylmynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri çözmek üçin ýokary derejeli hünärmenleriň – ylymlaryň kandidatlaryny we doktorlaryny taýýarlamagyň aýratyn ähmiýeti bar. Dabarada tehnika, jemgyýetçilik we medisina ylymlarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça doktorlyk dissertasiýalaryň 4-si we kandidatlyk dissertasiýalaryň 16-sy goraldy, olaryň awtorlaryna diplomlar gowşuryldy.

Doktoklyk dissertasiýalaryň 2-si we we kandidatlyk dissertasiýalaryň birnäçesi nebit-gaz pudagynyň işini kämilleşdirmäge, hususan-da innowasion ýerasty gaz känleriniň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamaga, nebit we gaz ýataklaryny işlemäge, nebit we gaz guýularyny ulanmaga bagyşlandy.

Kandidatlyk dissertasiýalaryň birnäçesi türkmen dilini we edebiýatyny öwrenmegiň dürli ugurlaryna bagyşlandy, olarda türkmen diliniň professional leksikasy we frazeologizmleri, türkmen antroponimleriň lingwistik seljermesiniň, Mollanepesiň şygryýetinde gündogar çeper däpleriniň ulanylyş meselelerine garalýar.

Deňeşdirme lingwistiaksy we terjime taglymaty boýunça barlaglaryň awtorlary öz işlerini türkmen we ýapon halklarynyň dil medeniýetiniň özboluşlylgyna, türkmen we arap dillerinde sözlemleriň aýratynlygyna bagyşlap, filologiýa ylymlarynyň kandudaty diplomyny aldylar. Olaryň ylmy netijeleri we amaly maslahatlary Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Alymlyk derejesini alan hünärmenler ýurdumyzyň dürli ylmy edaralaryna we ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýärler.