Aýdym-saz bölüminiň alty talyby – uly mugallym Amangeldi Amanowyň şägirtleri Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konsertini taýýarladylar.

Ol Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirildi.
Her talyp Günbatar Ýewropa we türkmen nusgawy sazlaryndan iki eseri ýerine ýetirdiler.

Bu mukamlary geljekki opera artistleriniň ajaýyp sesleri bezedi. Olaryň çykyşlary ajaýyp ýerine ýetiriş ussatlygy bilen tapawutlandy. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşýanlaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren çykyşy ýatdan çykmajak ylham joşguny bolup ýaňlandy. Tomaşaçylar özboluşly zehinler horuny üznüksiz el çarpyşmalar bilen garşy aldylar.

Konserti Maýa Baýmanowa alyp bardy.
«Bitaraplyk güni mynasybetli konserwatoriýanyň Watanymyzyň teatrlary üçin zehinli artistleri taýýarlaýandygyny görkezmek isledik. Konsertiň geçişinden diýseň hoşal. Talyplaryň ählisi-de ajaýyp çykyş etdiler» – diýip, Amangeldi Amanow gutlaglary kabul edenden soň, biz bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy.



