Ï Multfilmler we zehinler hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Multfilmler we zehinler hakynda

view-icon 8987
Multfilmler we zehinler hakynda

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, nakgaş, multiplikator Ýewgeniý Iwanowiç Mihelson köplere tanyşdyr. Ildeşlerimiziň ençemesi Ýewgeniý Mihelsonyň döreden animasion filmlerine tomaşa edip, kemala geldi. Uly ýaşly adamlar çaga döwründe tomaşa eden türkmen kinosynyň taryhynda ilkinji multiplikasion filmiň gahrymany Goňurjanyň başdan geçirenlerini henizem ýatdan çykaran däldirler.

Ýewgeniý Mihelson Gazagystanyň demirgazygyndaky Petropawlowsk şäherinde dogulýar. Ol ir ata-eneden galýar. 12 ýaşynda surat çekmäge ukyply Ženýany Leningrada, I.Ý. Repin adyndaky Çeperçilik akademiki institutynyň ýanyndaky zehinli çagalar mekdebine ugradýarlar.

Ýaş nakgaş mekdepde bäş ýyl okaýar. Ol gowy okaýardy, onuň işleri Angliýada, Hindistanda we beýleki ýurtlarda çagalar suratlarynyň halkara sergisdinde görkezildi. Bar zat gowudy, ýöne dynç alyş günleri oglanjygyň ýüregi gysýardy. Şäherde ne garyndaşy, ne-de tanşy bardy. Galyberse-de hemişe çygly howa, sowukdyr ýagyş ýüregine düşüpdi. Ol güneşli ýurtda ýaşamagyň arzuwyndady. Soňky okuw ýylyny tamamlap, otla mündi-de, Aşgabada tarap ýola düşdi.

Güneşli ýurdumyzyň paýtagtynda ýaş nakgaş dürli žanrlarda özüni synap gördi. Döredijilik gözlegleri ony Aşgabat telestudiýasyna getirdi. Bu ýerde bezegçi-nakgaş, oýun goýujy-nakgaş, režisýor bolup işledi, «Serdar» filmi surata düşürilýärkä ol ýaş aktýor Baba Annnanow bilen tanyşýar. Şeýdibem ömürlik dowam eden dostluk başlanýar.

Baba Annanow Ýewgeniý Mihelsony Nury Halmämmedow bilen tanyşdyrýar. Nury aga öz gezeginde Gurbannazar Ezizow bilen tanyşdyrýar. Şeýdibem kem-kemden ýakyn dostlary peýda bolýar. Köplenç Mihelsonyň kiçijik otagynda saz ýaňlanýardy – Nury Halmämmedow köneje pianinoda saz çalýardy, Gurbannazar Ezizow bilen Ýuriý Rýabinin bolsa goşgy okardylar. Durdy Baýramow hem Stanislaw Babikow täze žiwopis eserlerini görkezerdiler. Ýaş, zehinli, hujuwly ýigitler durmuş, sungat barada jedel ederdiler, döredijilik meýillerini bilelikde ara alyp maslahatlaşardylar.

Dostlary Mihelsonyň multipikasiýada güýjüni synap görmek barada teklibini goldadylar we oňa Kerim Gurbannepesowyň «Öýsüz-öwzarsyz Goňurja» goşgusynyň ýordumyny salgy berdiler. Ol goşgyny okandan hyjuw bilen täze işe başlady. Ýewgeniý Mihelsonyň suratlary esasynda gurjaklary «Soýuzmultfilm» kinostudiýasynda taýýarladylar. 1972-nji ýylda ilkinji türkmen multfilmi ýaýlyma çykdy.

«Öýsüz-öwzarsyz Goňurjany» döretmäge gatnaşanlaryň ählisi höwes bilen işleýärdiler. Men şol döwri mähir bilen ýatlaýaryn. Nury Halmämmedow onuň sazyny ýazdy.

Daşyndan göräýmäge gurjakly multiplikasiýa döretmekden aňsat zat ýok ýaly. Multfilm döretmek üçin aşa sabyr-kanagat gerek. Doňup duran gurjaklary herekete getirmek üçin käte ýekeje kadryň hatyrasyna ençeme sagat işlemeli bolýar. Özem multiplikator her gahrymanyň keşbine girip, onuň özüne mahsus häsiýetleri bermeli, olary tanalar ýaly etmeli. Ýewgeniý Iwanowiç: «Hut şol pursadyň hatyrasyna-da işlenilýärd-ä! – diýýär. – Goňurjanyň ekranda oýnaýşyny we gürleýşini birinji gezek görenimde men oňa hem guwanypdym, hem haýran galypdym. Güjük durmuşynda ýaşaýardy! Men oňa guwanýardym. Şonuň üçin hem işläniňe degýär». Şondan soň ol multipliaksiýadan aýrylmady. «Ermenistanda geçirilen multfilmleriň festiwalynda biziň «Çörek we oglanjyk» filmimizi gören ýerli ýaşulular ýanymyza gelip: «Türkmen halkynda çöregiň mukaddes saýylýanlygynyň özi hem ajap. Ine, çagalarymyzy şeýle filmler arkaly terbiýelemeli!» – diýdiler. «Şu öwgi üçinem işlemeli» – diýip Ýewgeniý Iwanowiç ýatlaýardy.

Çagalar üçin ulular ýaly, ýöne has gowy işlemeli diýýärler. Mihelson oýnuň çagalar üçin nähili möhümligine düşünýärdi. Multfilmleriň gahrymanlary çagalaryň düşünäýjek dilinde gürleýärler. Şol mähirli, parasatly, şadyýan sapaklar çagalaryň häsiýetini taplaýar, ahlak ýörelgelerini kesgitleýär.

30 ýyldan gowrak döwürde Ýewgeniý Mihelson 30-dan gowrak multfilm döretdi. Olar häli-häzirem ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda görkezilýär. Türkmen multfilmleri Russiýanyň, Belarusyň, Litwanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň kinoprokat gaznalarynda saklanylýar. Olaryň edebi ýazgylaryny söz ussatlary – Kaýum Taňryguluýew, Annaberdi Agabaýew we beýleki ýazyjy-şahyrlar ýazdylar. Multfilmleriň 8-siniň sazyny Nury Halmämmedow ýazypdy.

Ýewgeniý Mihelson multiplikasiýa bilen ençeme ýyl meşgullansa-da, surat çekmesini goýmandy.

Ol çagalar kitaplarynyň surat bezegini ederdi, teatr nakgaşy hökmünde Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda «Hudaýberdiniň başdan geçirenleri», «Böwenjik», «Maugli» çagalar, şeýle hem ulular üçin spektallaryň sahna bezegini ýerine ýetirerdi. Onuň akwarel natýurmortlary we manzarlary Aşgabatdaky dürli sergilerde goýlupdy. Nakgaş türkmen sungatyna şöhrat getiren dostlarynyň portretlerini-de çekdi. Ýewgeniý Iwanowiç Mihelson:

Men ykbalymyň üýtgeşik, ajaýyp adamlara duşuranyna buýsanýaryn. Meniň alysda galan ajap ýaşlygymyň dostlary kärime we ömrüme güýçli täsir etdiler. Olaryň päkligi, mähri, özboluşlylygy, dogruçyllygy, edepliligi, içki güýji hakyky türkmenleriň nähili bolmalygy hakda düşünje kemala getirdi.