Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguzyň demir-beton önümleri zawodynyň işgärleri esasy görkezijiler boýunça ýyllyk tabşygyry möhletinden has öň amal etdiler.
Şu ýylyň 11 aýynda bu ýerde 27 müň 275 tonna ýygnama demir-beton önümleri öndürildi, bu bolsa bellenilendäkiden has köpdür. Şeýle hem pul möçebrinde-de senagat serişdeleri önümçiligi we gurluşyk gurnama işleri boýunça tabşyryklar artygy bilen ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda Daşoguzyň demir-beton önümleri zawody welaýatyň tutuş gurluşyk pudagyny ösdürmekde ähmiýetli döwrebap önümçilikdir. Kärhanada iň döwrebap ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli önümleriň giň görnüşi taýýarlanylýar. Bu ýerde dürli ölçegli demir-beton turbalar, plitalar, penjire we gapy germeçler, betonlanan lagym guýularynyň gapaklary, beton bordýurlar we beýlekiler çykarylýar.
Mundan başga-da, kärhanada iri panelli köp öýli ýaşaýyş jaýlary gurmak üçin zerur bölekleriň ählisiniň önümçiligi ýola goýlupdyr. Birnäçe ýyl mundan ozal bu ýerde geçirilen tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylyş işleri önümçiligiň has giňeldilmegine mümkinçilik berdi. Düýpli döwrebaplaşdyrmagyň barşynda sehlerde ýörite enjamlaryň aglaba bölegi täzelendi.
Her ýyl öndürilýän önümleriň görnüşini we möçberini yzygiderli giňeltmek üçin bu ýerde häzirki zaman ýokary öndürijilikli multikast, beton garyjy enjam, kompressor, bug generatory, uly kranlar, demir kesmek we egreltmek üçin stanoklar, takyk kebşirleşeýjiler we beýleki enjamlar ulanylýar.