Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyza Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ajaýyp döredijilik sowgadyna öwülen «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusyna bagyşlanyp köpçülikleýin medeni çäreler, dabaralar guralýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem «Gahryman Arkadagymyzyň berkararlyk taglymaty halkymyza ýörelgedir» ady bilen aýdym-sazly dabaralara utgaşdyrylan maslahat geçirildi.
Konserwatoriýanyň mugallymlary, talyp ýaşlary Arkadag Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de dünýäniň ähli halklary bilen özara bähbitli giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dabaralanýandygyny aýratyn nygtadylar. Ýurdumyzyň asudalygy hem-de durnuklylygy, ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ýörelgeleriniň üstünlikli ýeňişlere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, döwletimiziň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmekde Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini açyp görkezýän tagallalary ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşiniň, sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegini şertlendirýän taglymatdyr.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze şahyrana eseri, dünýäniň halklaryny parahatçylykly ösüşe çagyryş, adamzadyň durmuşynda durnuklylygyň, howpsuzlygyň üpjü edilmeginiň ähmiýetini özünde jemleýän ajaýyp goşgy setirleri bolup durýar. Onda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgü öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň halkara derjesinde ykrar edilen Bitaraplyk syýasy-hukuk derejesi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň, rowaçlygyň hem-de durnukly ösüşiň berkarar bolmagyna gönükdirilen milli tagallalardan ybarat bolup durýar. Onuň ähmiýeti asyrlar aşyp, mizemejek binýatdyr.
Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlaryň aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşmagy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan wakalaryň ýatda galyjy pursatlara beslenýändiginiň, bu ýörelgäniň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda asylly däbe öwrülendiginiň aýdyň beýanydyr.
Laçyn Hudaýberdiýewa,
M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.