Ï Türkmenistanyň teatrlary tomaşaçylara garaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň teatrlary tomaşaçylara garaşýarlar

view-icon 4991
Türkmenistanyň teatrlary tomaşaçylara garaşýarlar

Teatr möwsüminiň açylmagy köpsanly tomaşaçylar we täze oýunlary yhlas siňdirip taýýarlan artistler üçin hem baýramdyr.

Türkmenistanyň döredijilik toparlary teatr sungatynyň muşdaklaryny premýeralara, şeýle hem wagtyň synagyndan geçen, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan spektakllaryna çagyrýarlar.

18-19-njy dekabrda - şenbe we ýekşenbe günleri Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda tomaşaçylar «Durmuş diňe düýş dal» we «Demir aýal» spektakllaryna tomaşa etdiler.

Türkmenistanyň Baş drama teatry 18-19-njy dekabrda «Şadyýan wäşiler» we «Hindi rowaýaty» spektakllaryny görkezdi.

Alp Arslan adyndaky teatryň sahnasynda 18-19-njy dekabrda görkezilen «Näzli dildarym» we «Amanat giýew» spektakllary tomaşaçylaryň göwnünden turdy.

Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda 18-nji dekabrda «Çynymy aýtsam bar-a...» oýny, 19-njy dekabrda «Gülki agşamy» görkezildi.

Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda 18-nji dekabrda sagat 12-de çagalar üçin «Gyzyl şyrdajyk», agşam bolsa ulular üçin «Bäş agşam» oýunlary tomaşaçylaryň göwnünden turdy.

Ýekşenbe güni - 19-njy dekabrda sagat 10:30-da we 12:00-da «Külçe» ertekisi, agşam «Görnükli erkek» spektakllary tomaşaçylara hödürlendi.

Türkmen Döwlet gurjak teatry körpeler üçin 18-nji dekabrda gündiz «Külbejik», şol gün agşam «Gülki sowgady» oýunlary görkezildi. Ýekşenbe güni bolsa - 19-njy dekabrda sagat 12-de dogumly towşanjyk hakda «Gopbam towşanjyk» oýnuny, agşam ulular üçin «Gülki agşamyny» tomaşaçylara hödürledi.

Spektakllar sanitar-arassaçylyk kadalaryna eýerilip görkezildi.